Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Nazarbaýew barada kinofilm görkezildi


Gazagystanyň kinoteatrlarynda ýurduň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýaşlyk ýyllaryny beýan edýän kinofilmiň ilkinji görkezilişi boldy.

“Meniň ýaşlygymyň asmany” atly kinofilmde Nazarbaýewiň özi hem az wagtlyk surata düşüpdir.

Bu filmde Nazarbaýewiň oglanlyk keşbi şadyýan we göwni açyk edilip görkezilýär. Şeýle-de onuň çopan maşgalasynda kynçylyk bilen kemala gelşi suratlandyrylýar.

20 ýyl töweregi bäri Gazagystany dolandyryp gelýän Nazarbaýew şu aýyň başyndaky geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 95 % alyp, nobatdaky gezek prezidentlige saýlanypdy.

Halkara gözegçileri bu saýlawlary tankytlady.
XS
SM
MD
LG