Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House”: internet azatlygyna syn


Hökümetleriň internete gözegçilk edip, informasiýanyň erkin akymyny çäklendirmäge çalyşýanlygy we netijede internet ulanyjylaryň hak-hukuklaryny bozýanlygy bellenýär.
Hökümetleriň internete gözegçilk edip, informasiýanyň erkin akymyny çäklendirmäge çalyşýanlygy we netijede internet ulanyjylaryň hak-hukuklaryny bozýanlygy bellenýär.

Internet azatlygy temasy ýene-de halkara guramalaryň üns merkezinde.


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasy dünýäde internetiň ýagdaýyna degişli taze hasabatyny ýaýratdy. “Freedom House” dünýäde internet azatlygyna garşy çäklendirmeleriň barha güýçlenýänligini habar berýär.

Kompýuter arkaly edilýän hüjümler, syýasy senzura we döwletiň internete edýän gözegçiligi dünýä derejesinde internet azatlygyna abanýan we gitdigiçe güýçlenýän howplardyr. Bu barada “Freedom House” guramasy 18-nji aprelde ýaýradan hasabatynda habar berýär.

Hasabatda internet ulanyjylaryň sanynyň dünýäde iňňän güýçli depginde köpelýänligi we soňky 5 ýylyň dowamynda iki esse artanlygy aýdylýar. Şu sebäpli hökümetleriň internete gözegçilk edip, informasiýanyň erkin akymyny çäklendirmäge çalyşýanlygy we netijede internet ulanyjylaryň hak-hukuklaryny bozýanlygy bellenýär.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda soňky döwürde internete gözegçiligi güýçlendiren ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan aýratyn agzalmady. Emma Türkmenistanda ähli habar çeşmeleri, şol sanda internet hem öňden bäri döwletiň berk gözegçiliginde saklanylýar.

“Freedom House” guramasynyň hasabatlarynda Türkmenistana ilatyň azatlyklaryny, şol sanda maglumat elýeterliligini dünýä boýunça iň gödek çäklendirýän döwlet hökmünde baha berilýär. Guramanyň barlaglar bölüminiň başlygy Kristofer Walkeriň sözlerine görä, Türkmenistanda göze ilýän özgerişligiň ýoklugy muňa sebäp bolýar.

“Freedom House” guramasynyň hasabatyna görä, hökümetleriň aragatnaşyk infrastrukturasyny merkezleşdirmek çäreleri internete edilýän basyşlaryň biridir.

Türkmenistanda internet hyzmatlary

Türkmenistanda internet hyzmatlary döwlete degişli “Türkmentelekom” we “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýalary tarapyndan üpjün edilýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, internete çatylmakda hazirki döwürde kynçylyk ýok: “Pasportyň bilen baryp, 60 manat pul tölän günüň kompýuteriňi interneti çatýarlar. 12 manady “Türkmentelekomyň” hyzmaty üçin alyp galýarlar, galan 48 manady hasaplaşyk hasabyňa geçirýärler”.

Muňa garamazdan, şu günki gün Türkmenistanda internet ilatyň gündelik durmuşyndaky zerurlyga öwrülmedi. Bugaýew internetiň ösüşine degişli uly bir üýtgeşikligiň ýokdugyny aýdýar.

“Ýurt boýunça internet durmuş zerurlygyna öwrülmedi. Meselem, internet ulgamyndan peýdalanýan beýleki ýurtlarda durmuşdaky köp zady internetiň üsti bilen çözüp bolýar. Emma Türkmenistanda bu ugurdan üýtgeýän zat ýok. Onsaň hem köp saýtlar ýapyk” diýip, Bugaýew aýdýar.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatyna görä, syýasy režimleri tankytlaýjy maglumatlaryň petiklenmegi-de internete edilýän basyşlaryň ýene biridir. Bugaýewiň sözlerine görä, “Türkmentelekomyň” üsti bilen açyp bolmadyk internet saýtlaryň käbiri “Altyn Asyr” mobil operatorynyň interneti arkaly açylýar.

Türkmenistanly internet ulanyjylar döwlet tarapyndan petiklenen websaýtlara esasan proksi serwerleriň üsti bilen girýärler diýlip, habar berilýär.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň bahasy, ilat köpçüliginiň girdejisinden çen tutulsa, köp ýurtlardakydan, şol sanda Orsýetdäkiden ýokarydyr.
XS
SM
MD
LG