Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada 50 ýyllyk adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy


Sişenbe güni Siriýanyň döwlet habar agentligi soňky 50 ýyla golaý wagt bäri bu ýurtda saklanyp gelen adatdan daşary ýagdaý baradaky düzgüni ýatyrmak barada ýurduň hökümetiniň karar kabul edendigini habar berdi.

Bu düzgüniň ýatyrylmagy baradaky talap siriýaly demonstrasiýaçylaryň öňe sürüp gelýän esasy talaplaryndan biridi.

Adatdan daşary ýagdaý baradaky düzgüni ýatyrmak barada hökümetiň kabul eden kararyna entek Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad gol çekmedik-de bolsa, habar agentlikleri muňa köp garaşmaly bolmajakdygyny öňe sürýärler.

Siriýanyň döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, ýurduň hökümeti döwlet howpsuzlyk sudunyň işini ýatyrmak barada-da karar kabul edipdir. Bu sud şu çaka çenli syýasy dissidentlere garşy döwletiň gazaply bir guraly hasaplanylyp gelinýärdi.
XS
SM
MD
LG