Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýaly gozgalaňçylar serhet nokadyny ele geçirdiler


Liwiýadaky gozgalaňçylaryň aýtmagyna görä, olar ýurduň Tunis bilen serhedindäki barlag gözegçilik nokadyny ele geçiripdiler.

Pitneçeleriň lideri Şaban Abu Sittanyň aýtmagyna görä, Muammar Kaddafiniň goşunlary bilen üç günläp dowam eden söweşden soň, Wazin posty olaryň kontrollygyna geçipdir.

Şeýle-de, NATO Liwiýadaky parahat ilatyň arasyndaky ýitgileriň öňüni almak üçin, asuda ýaşaýjylary Kaddafiniň güýçlerinden uzak durmaga çagyrdy.

Şu gün irden Liwiýanyň döwlet telewideniýesi NATO-nyň Tripola eden hüjüminde ýedi adamyň ölendigini we 18 adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG