Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewroparlamentde Türkmenistandaky ýagdaýa garaldy


Ýewropa Parlamenti Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmegini gazanmak üçin ÝB-niň tagallalarynyň näderejede ýeterlikdigini öwrenmek isleýär.
Ýewropa Parlamenti Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmegini gazanmak üçin ÝB-niň tagallalarynyň näderejede ýeterlikdigini öwrenmek isleýär.
20-nji aprelde Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler komiteti Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna bagyşlanan maslahaty geçirdi. Bu çäre Ýewropa Parlamentiniň resmi toparynyň Aşgabada etjek sapary we iýun aýynda ÝB-niň Türkmenistan bilen baglaşmagy göz öňünde tutýan ylalaşygy bilen bagly boldy.

Maslahata adam hukuklaryny goraýjylar çagyryldy. Hususan-da, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän halkara “Human Rights Watch” guramasynyň, Gollandiýada ýerleşýän “Türkmen graždan demokratik bileleşiginiň” we Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň wekilleri çykyş etdiler.

Repressiýalara üns çekildi

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, Ýewropa parlamentiniň deputatlarynyň öňünde edilen çykyşlarda adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly özlerinde bar bolan anyk maglumatlary beýan edipdirler.

Adam hukuklaryny goraýjylar, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gowulanmagy üçin, hususan-da syýasy tussaglar boşadylmaly, žurnalistleriň erkin iş alyp barmagyna ýol açylmaly we 15,000 adamlyk “gara sanaw” ýok edilmeli diýip, hasap edýärler.

Tuhbatulliniň sözlerine görä, Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler komitetiniň maslahatynda çykyş edenleriň aglaba köpüsi Türkmenistanda repressiýalaryň güýçlenýänligini belläpdirler. Ýurtda demokratik özgerişliklere tarap ädim hökmünde kabul edilýän köp täze kanunlaryň berjaý edilmeýänligine aýratyn üns berlipdir.

“Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň aglaba köpüsi türkmen häkimiýetleriniň ýagdaýy gowulandyrmaga ýeterlik isleg bildirmeýänligi sebäpli bu ýurt bilen ylalaşyk baglaşmaly däl diýen pikiri öňe sürdüler, emma türkmen häkimiýetleriniň peýdasyna çykyş edenler hem boldy” diýip, Tuhbatullin belledi.

Ýewroparlamentiň planlary

Ýewropa Parlamentiniň resmi topary 28-30-njy aprelde Türkmenistana we Özbegistana boljak saparynyň dowamynda Aşgabadyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişini öwrenmekçi.

Ýewropa Parlamentiniň resmi maglumatyna görä, Parlamentiň resmi toparynyň türkmen paýtagty Aşgabada sapary Ýewropa Bileleşiginiň iýun aýynda Türkmenistan bilen gol çekmegi göz öňünde tutýan “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň” ykbalyna täsir ýetirer.

ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyga gol çekilmegi üçin, Lissabon ylalaşygyna laýyklykda, Ýewropa Parlamenti öz razylygyny bermeli. Emma Ýewropa Parlamenti bu mesele boýunça öz plenar ses berişliginiň möhletini agzalan delegasiýa Aşgabada saparyndan dolanyp gelýänçä, yza tesdirdi.

Ýewropa Parlamenti problemanyň möçberini anyklamak we Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny berjaý etmegini gazanmak üçin ÝB-niň tagallalarynyň näderejede ýeterlikdigini öwrenmek isleýär. Bu ädimler Ýewroparlamentiň delegasiýasyna bar bolan aladalanmalara laýyklykda hereket etmäge mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG