Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa döwletleri Pars aýlagy bilen baglanyşdyrylar


Eýranyň ISNA habar gullugynyň maglumatyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Türkmenistan hem Gazagystan bilen üç ýurduň arasynda demir ýollary gurmak hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Salehi bu beýanaty şu gün Aşgabada geleninde, metbugat konferensiýasynda mälim etdi.

Eýran ministriniň aýtmagyna görä, ol demir ýol üç ýurt arasynda söwda gatnaşygyny güýçlendirer hem syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna getirer.

Demir ýol gurmak ylalaşygyna ilkinji gezek Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda 2007-nji ýylyň aprelinde Türkmenbaşy şäherinde gol çekilipdi, soňra şol ýylyň güýzünde bu yalalaşyga Tähran hem goşuldy.

Salehi Aşgabada Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Kataryň hem Omanyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin geldi. Olar söwda harytlaryny gatnatmak ylalaşygyna gol çekerler.

Täze transport ýoly Merkezi Aziýa döwletlerini Pars aýlagy bilen baglanyşdyrmagy göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG