Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbaşdak pikir ýöredip bilýän spesialistler gerek


Narodetski: "Eger türkmen ykdysadyýeti, G.Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, iň täze tehnologiýalara arka diremeli bolsa, ösüşi azat-erkin adamlar, olaryň inisiatiwalary amala aşyryp biler".
Narodetski: "Eger türkmen ykdysadyýeti, G.Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, iň täze tehnologiýalara arka diremeli bolsa, ösüşi azat-erkin adamlar, olaryň inisiatiwalary amala aşyryp biler".
Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow eger ýurtda hakyky reformalar başlanmasa, Türkmenistanyň baş makadynyň dil üsti aýdylýan gowy hem gury arzuw bolup galjakdygyny aýtdy.

Prezidentiň sözlerine görä, iň soňky tehnologiýa we awtomatlaşdyrylan dolandyryş sistemasyna esaslanýan ösen häzirki zaman senagat sektorly, güýçli ykdysadyýet döretmek gerek. "Munuň özi iň öňdäki pozisiýalara çykmaga ýardam eder" diýip, ol belledi.

Maksat gowy

Şeýle maksat hiç kimde garşylyk döretmese gerek. Öňde goýulýan bu uly möçberli işi çözmek binýadynda berk režim ornaşdyrylan ýerde amala aşyryp bolarmy? Türkmenistan halkara görkezijilerinde dünýäniň iň repressiw režimleriniň biri, ine, mesele nämede? Ýurduň içki durmuşyny aýgytly açyklaşdyrmazdan, liberallaşdyrmazdan, ykdysady gudrat döredip, Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşup bolarmy? Dünýäniň hiç bir ýurdunyň ykdysadyýetinde liberal reformasyz hakyky üstünlik gazanyp bolmaýandygyny dünýä praktikasy görkezýär.

Çilide häkimiýet başyna gelen general Pinoçet ýurdy gazaply dolandyrdy. Ýöne şol gazap, birinjiden, çepçi partiýalaryň garşysyna gönükdirildi. Ikinjiden, ol barybir ykdysady ösüşi höweslendirýän ykdysady çemeleleşmelere daýanýardy. Şol bir wagtda-da ýurdy hiç kim ýapmady. Ol ýerde hökümete degişli däl köpçülikleýin habar serişdeleri işledi. Netijede, Çilidäki ýagdaý bulam-bujarlykdan halas bolup, durnukly ösüş ýoluna düşdi.

Gazaply häkimiýetiň ikinji bir mysaly düýbünden ters netijelere alyp geldi. Kubanyň lideri Fidel Kastro-da ykdysady gudarat, garaşsyz güýçli ykdysadyýetiň döredilendigi barada gürrüň etdi. Ýöne ýurt başdan diktatorlyk režime gark boldy, kyrk ýyl töweregi wagt içinde Fidel Kastro diňe ýakynda ilkinji gezek kuba synagynyň, eksperimentiniň başa barmandygyny açyk boýun aldy. Repressiw režim güýçli ykdysadyýeti döredip bilmändi. Ondanam başga režim hakyky ösüş üçin tagallalaryň, aladalaryň ýoluny petikläpdi.

Häzir ýurduň ymykly dargamagynyň öňüni almak üçin Kubanyň häkimiýetleriniň režimi biraz gowşadýanlygyna bütin dünýä şaýat. Liberal reformalar geçirmezden, ýurdy ykdysady taýdan baýlaşdyrmak, pugtalandyrmak baradaky isleg-arzuwlaryň hiç biriniň başa barmajakdygyny Çiliniň we Kubanyň tejribeleri görkezýär.

Azat-erkin adamlar

Ösen demokratik döwletlerde ykdysady ösüşiň iň esasy, iň möhüm prinsipi goýlan: ilatyň ýaşaýyş durmuşynyň hilini gowulandyrjak ösüşi diňe azat-erkin adamlar, olaryň inisiatiwalary amala aşyryp biler. Onda-da eger türkmen ykdysadyýeti, G.Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, iň täze tehnologiýalara arka diremeli bolsa.

Şol gürrüňi edilýän tehnologiýalary diňe erkin, özbaşdak pikir ýöredip bilýän spesialistler özleşdirip biler. Milli howpsuzlyk ministrliginden çykýan gorkynyň aşagynda egşerilip ýörenlerden inisiatiwa çykmajagy, şol tehnologiýalary olaryň özleşdirmejegi belli. Eger başga bir ýol bolanlygynda, geçen 19 ýylyň dowamynda türkmen jemgyýeti ýaşaýyş-durmuşyň hiliniň ýokarlanýandygyny duýardy. Ýogsa onuň üçin ähli esaslar bar ahyryn!

Türkmen topragy gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň ägirt goruna eýe, hiç bir gypynçsyz halky bol-elin ekläp biljek. Ýöne näme üçindir ol başa baryberenok. Ondanam başga, nebit-gazyň ägirt gorlaryna, olaryň aldygyna satylýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ykdysady gudraty barada gürrüň gitmeýär. Tersine, ilatyň üçden biri garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar.

Eger häkimiýetler, hakykatdan-da oňyn özgerişler isleýän bolsa, häkimiýetiň ýokary gatlagynda dogrudanam ykdysady böwsüşe ymtylýan bolsalar, diňe durmuşyň liberallaşdyrylmagy oňa hakyky ýardam edip biler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG