Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ‘gutarnykly ylalaşyk’ boýunça öňegidişlik gazanmak üçin Ysraýyla bardy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. 22-nji maý, 2017 ý.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. 22-nji maý, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 22-nji maýda iki günlük sapar bilen Ysraýyla bardy. Ol bu saparyň dowamynda, öz aýtmagyna görä, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda “gutarnykly ylalaşyk” boýunça öňegidişlik gazanmaga synanyşar.

Tramp 2014-nji ýyldan bäri agzalmaýan parahatçylyk gepleşiklerine täzeden itergi bermek umydy bilen, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen aýry-aýrylykda duşuşmagy göz öňünde tutýar.

Muňa garamazdan, Trampyň kömekçileri bu sapara simwolik hereket hökmünde garalmalydygyny belläp, ondan uly böwsülişe garaşmaly däldigini duýdurdylar.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Deýwid Fridman (David Friedman) Ysraýylyň “Haýom” gazetine beren interwýusynda Trampyň häzirki maksady “parahatçylyga getirjek gepleşikleriň başlanmagyna” ýol açmak diýdi.

Tramp Ierusalime barmazdan öň, 21-nji maýda ysraýyllylar amerikan prezidentiniň haýyşy boýunça, palestinalylara käbir ykdysady eglişikleri etmegi kabul etdiler.

Bu barada Ysraýylyň howpsuzlyk boýunça ministrler komissiýasy tarapyndan çykarylan beýannamada “Ysraýylyň howpsuzlyk kabineti Palestinada gündelik raýat durmuşyny ýeňilleşdirjek ykdysady çäreleri kabul etdi. Bu ertir geljek [Tramp] özara ynam döretjek ädimleriň ädilmegini soranyndan soňra edildi” diýilýär.

Resmileriň aýtmagyna görä, bu eglişiklerde palestinalylara Iordan derýasynyň günbatar kenarynda jaý gurluşygyna rugsat edilýär. Bu iş ozal gadagandy.

Ysraýyl mediasynda aýdylmagyna görä, eglişikde Günbatar kenar bilen Iordanyň aralygyndaky serhet geçelgesiniň günde 24 sagat açyk durmagyna hem ýol berilýär.

Ysraýyl uzak wagt bäri Birleşen Ştatlaryň tutanýerli ýarany hasaplansa-da, Tramp bu ýerde berk çekişmeler bilen ýüzbe-ýüz bolar diýlip çaklanýar.

Mysal üçin ondan “Yslam döwleti” atly ýarym harby topar hakda Ysraýyl tarapyndan toplanan gizlin maglumatlary Ierusalimden rugsatsyz Orsýetiň ýokary derejeli resmilerine beripdir diýip, mediada ýaýran habarlar hakda düşündiriş soralmagy mümkin.

Trampyň Saud Arabystanyna 110 milliard dollar möçberinde ýarag satjakdygyny 20-nji maýda yglan etmegi-de Ysraýyly aladalandyrdy. Ysraýylyň bir resmisi: “Bu bizi birahat etjek zat” diýdi.

Tramp saýlaw kampaniýasynda Birleşen Ştatlaryň ilçihanasyny Tel Awiwden Ierusalime geçirmek barada beren wadasynda-da durmady.

Palestina -Ysraýyl konfliktinde Ierusalimiň statusy iň ynjyk meseleleriň biri bolup durýar.

Palestinalylar Ierusalime özleriniň geljekki döwletiniň paýtagty diýip garaýarlar.

Ysraýyl 1967-nji ýylda bolan Alty günlük uruşda, gündogar Ierusalimi basyp alyp, tutuş şäheri özüniň paýtagty diýip yglan etdi. Ýöne bu hereket halkara arkalaşygy tarapyndan ykrar edilmedi.

Tramp 22-nji maýda Netanýahu bilen duşuşmazdan öň, Ysraýlyň prezidenti Reuwen Riwlin bilen gepleşik geçirmekçi. Ondan bir gün soň hem ol Betlehemde Mahmut Abbas bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG