Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý telekanalynyň «bagtly sinjianglylar» baradaky filmi: oňa ynanyp bolarmy?


CGTN telekanalynyň gahrymany Sinjiang barada:

CGTN telekanalynyň gahrymany Sinjiang barada:

«Olar etniki azlykdakylar hytaýlaşdyrylýar diýýärler. Munuň özi hakyky ýagdaýa doly düşünmezlik... Soňky ýyllarda aňda ep-esli üýtgeşmeler bolup geçdi. Pikiriň özgermegi Sinjiangyň geljegi üçin işleýär»

Manipulýasiýa

ABŞ-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň hytaý häkimiýetlerine "uýgurlary, gazaklary we Sinjiangdaky musulmanlary lagerlere atýarlar, mejbury zähmete çekýärler” diýýän aýyplamalarynyň güýçlenýän döwründe, Pekin ýerli metbugatda "bagtly Sinjiang" hakda makalalar çap edip başlady hem filmler ýaýratdy.

Golaýda Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi Zhang Sýao Hytaýyň CGTN teleýaýlymynyň taýýarlan "Týan-Şan daglarynyň aňyrsynda: Sinjiangda durmuş" atly 80 minutlyk filmini Facebook sahypasynda ýerleşdirdi. Iňlis hem rus dillerinde surata düşürilen ol filmde, "Sinjiangda ýaşaýan ýa-da şol ýerden gelip çykan" 24 adamyň (esasan gazaklar hem uýgurlar) durmuşy beýan edilýär. "Bu adamlaryň ählisi dogduk topragyny söýýärler, özli-özleri we beýlekiler bilen sazlaşykly ýaşamagy arzuw edýärler." "Hakykaty aýtmak bilen biz Sinjiang baradaky ýalana we ýalňyş düşünjelere garşy göreşýäris" diýip, hytaý ilçisi Zhang Sýao film barada ýazgy goýupdyr.

Filmde pagta ösdürip ýetişdiriji “pagta ýygmak bilen durmuşy üçin girdeji gazanýar; maldar "mal bakmak bilen maşgalasyny goldaýar"; “ýaş sinjiangly uýgur gadymy kaşgar nagyşlary bilen bezelen kofe dükanyny açypdyr”; uýgur çagalary “beýleki şäherlere okamaga gitmegi höwes edýärler”; Sinjiangyň halky Hytaýyň beýleki sebitlerine “höwes bilen işlemäge gidýärler”; Sinjiangda "musulmanlar bilen işleýän" bir han wekili, garaz, olaryň ählisi "öz durmuşlaryndan hoşaldygyny" aýdýarlar.

Sinjiang welaýatynyň Turfan şäherine gelen çakyr öndüriji hytaýly han Li Týançong şeýle diýýär: “Köp adamyň çäkli düşünjesi bar. Olar etniki azlykdakylar hytaýlaşdyrylýar diýýärler. Munuň özi hakyky ýagdaýa doly düşünmezlik. Meniň üçin bu ýagdaý modernizasiýa hem ylmy ösüşiň meselesi... Käbir adamlar modernizasiýa bilen ýalan düşünjäni garjaşdyrýarlar. Muny ýalňyş diýip oýlanýan. Iň esasy zat, soňky ýyllarda aňda ep-esli üýtgeşmeler bolup geçdi. Pikiriň özgermegi Sinjiangyň geljegi üçin işleýär”.

Sinjiangyň "Çengdu şäherinde kafe açan" etnik uýgur Esup Emet Kerim ýaş uýgurlary tankytlaýar: “Meniň dogduk topragymdaky käbir ýaşlaryň yhlas bilen agyr zähmet çekmek islegi ýok. Diňe erjel zähmet bilen berk çydamlylyk gowy durmuşa eltýär” diýip, ol aýdýar.

"Sinjiangda kofe dükanyny açyp, ondan gazanç edýän" Marden Ablimit hem şeýle diýýär: "Olaryň Sinjianga gelmegi gerek, bu ýerde meniň ýaly watanymyzy tüýs ýürekden söýýän ýaşlar bilen duşuşarlar".

Filmiň gahrymanlarynyň "bagtly durmuş" hakda aýdýanlaryny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin däl. Muňa garamazdan, halkara bilermenleriniň şaýatlyk etmegine görä, Sinjiangda uýgurlaryň we gazaklaryň yzarlanýandygyny subut edýän köp sanly barlag işleri, şeýle hem ol sebitden gaçyp çykan şaýatlaryň şol ýerde ýaşaýanlaryň çekýän görgüleri barada şaýatlyk edýän görkezmeleri bar.

Hytaý Sinjiangda ýerli etnik toparlaryň wekilleriniň tussag edilýän ýerlerini daşary ýurtda "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri" hem-de "hünär okuw merkezleri", "terrorçylyga garşy göreş" diýip atlandyrýar. Filmiň gahrymanlary adamlary Sinjianga gelip görmäge çagyrsalar-da, hakykatda Hytaýyň häkimiýetleri BMG-niň hiç bir resmisine, Günbatar barlagçylaryna, hatda žurnalistlere-de sebite girmäge rugsat bermeýär.

Sinjiangdaky «täzeden terbiýeleýiş» lageri nähili görünýär?

Nemes alymy antropolog Adrian Zenz, Awstraliýanyň Strategiki Syýasat Instituty, şeýle hem BBC, AP, The New York Times we CNN ýaly neşirler Hytaý häkimiýetleriniň bigünä ýaşaýjylary lagerlerde tussag edýändiklerini, gynaýandyklaryny we işlemäge mejbur edýändigini ýazdylar, çagalary ata-enesinden aýyrýandygyny görkezýän resminamalary çap etdiler, sebitde çaga dogluşyna gözegçilik etmek syýasatynyň barýandygyny aýtdylar. Mundan başga-da, Gazagystanda köp adam öz garyndaşlarynyň hiç bir günäsiz Sinjiang lagerlerinde ýa-da türmelerinde oturandygyny aýdyp, häkimiýetlere kömek sorap ýüz tutýarlar. Şol lagerlerde bolan gazaklar hem uýgurlar "hünär okuw merkezlerinde" gynamalaryň we zorlamalaryň bolýandygyny tassykladylar. Şol ýerde olara hytaý dilini öwrenmäge we Kommunistik partiýa hormat goýmaga mejbur edilýändigini aýtdylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti, Kanadanyň parlamenti we Iňlis häkimiýetleri Pekiniň Sinjiangdaky hereketlerini "genosid" we türki dilli halklaryň dilini, mentalitetini hem medeniýetini ýok etmek synanyşygy diýip häsiýetlendirdiler.

BBC we Associated Press habar gullugynyň eline düşen 137 sahypalyk gizlin hytaý dokumentinde, Sinjiangdaky ýaşaýjylaryň sakgal goýberendigi we hijap atynandygy üçin, tussag edilýändigi aýdylýar.

Nemes alymy Adrian Zenziň Amerikanyň barlaglar merkezi Jamestown tarapyndan mart aýynda neşir edilen hasabatynda, Hytaýyň “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş” maksatnamasyna goşmaça, “garyplyga garşy göreşmek” bahanasy bilen musulmanlary Sinjiangdan mejbury deportasiýa etmek meýilnamasynyň bardygy görkezilýär.

Hytaý häkimiýetleriniň resmi dokumentlerine we ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna esaslanyp, Zenz 2020-nji ýylyň dekabrynda "Sinjiangda müňlerçe musulman, şol sanda lagerleriň öňki bendileri pagta ýygmaga mejbur edildi" diýip, ýene bir hasabaty çap etdi.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylda Barlagçy-žurnalistleriň Halkara Konsorsiumynyň (ICIJ) gizlin resmi dokumentlere esaslanýan materiallarynda görkezilişi ýaly, Hytaý häkimiýetleriniň Sinjiangdaky etniki azlyklaryň durmuşynyň her bir tarapyna nähili gözegçilik edýändigi aýdylýar. Ol dokumentde işgärlere gaçmaga synanyşýanyň öňüni nähili almalydygy, "lagerleriň" barlygyny we mejbury zähmeti ýaşyrmak usullaryny nädip saklamalydygy, keselleriň ýaýramagyna nädip gözegçilik etmelidigi, tussaglaryň garyndaşlaryny görmegine haçan rugsat bermelidigi we hajathana haçan gitmelidigi barada görkezme – instruksiýasy bar.

Barlagçylaryň maglumatlarynda Hytaý häkimiýetleriniň Sinjiangda dogluş derejesini çäklendirmek üçin, aýallaryň sterilizasiýa edilýändigini, lagerlerde bolan uýgur we gazak aýallary abort etdirmäge mejbur edilendigini aýdylýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň häkimiýetleri "hünär okuw merkezleri" barada resminama çap etdi. Onda 2014-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda “7,7 million Sinjiang ýaşaýjysynyň hünär okuw merkezlerinden geçendigi” we indi ol merkezlerde hiç kimiň galmandygy aýdylýar.

Şeýle-de bolsa, Awstraliýanyň Strategiki Syýasat Instituty (ASPI) tarapyndan soňraky geçirilen barlag, Sinjiangdaky musulman lagerleriniň sanynyň 40 göterim artandygyny görkezdi. ASPI hemra suratlaryny, şaýatlaryň hasabatlaryny, metbugat maglumatlaryny we resmi tender resminamalaryny ulanyp, Sinjiangda "lagere meňzeş bolan" 380-den gowrak ýapyk binalaryň bardygyny aýan etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň şu ýylyň fewral aýynda ýaýradan täze derňewinde, Sinjiangda gümürtik hem adatdan daşary giň düşündirilýän aýyplamalar bilen ýüz müňlerçe adamyň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi öňe sürülýär. Mysal üçin, “daşary ýurtdaky garyndaşlaryna sowgat iberendigi” we “dini ynanjy” sebäpli köp ýyl azatlykdan mahrum edilen adamlar bar.

Hytaý häkimiýetleri bu aýyplamalaryň ählisini ret edip, halkara barlaglaryny "ýalan" diýip atlandyrdylar. Emma häzire çenli garaşsyz barlagçylara Sinjianga girmegine hiç bir rugsat bermän gelýärler. Ol sebite diňe ykdysady ýa-da syýasy taýdan Hytaýa garaşly ýurtlardan gelen diplomatlar we žurnalistler ýörite çakylyk bilen baryp bildiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG