Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebit işçileriniň iş taşlan şäherine pitnä garşy polisiýa getirildi


Maňgyşlak sebiti. Protest bildirýän işçiler. 17-nji dekabr, 2023.
Maňgyşlak sebiti. Protest bildirýän işçiler. 17-nji dekabr, 2023.

Gazak häkimiýetleri, nebit senagatynyň ýüzlerçe işçisiniň geçen hepde başlanan iş taşlaýyşlaryny dowam etdirmegi bilen, Merkezi Aziýa ýurdunuň günbatar sebitindäki Žetibaý şäherine pitne garşy durmaly polisiýa işgärleriniňgoşmaça bölümleri getirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy gyrak-bujakda ýerleşýän şähere getirilen polisiýa işgärleriniň 17-nji dekabrda ýerli medeniýet öýüniň binasynda ýerleşdirilendigini habar berdi, ýöne olaryň sanynyň belli däldigini aýtdy.

Şeýle-de, 17-nji dekabrda ýene bir durnuksyz şäheriň, golaýdaky Žanaozen şäheriniň onlarça ýaşaýjysy gozgalaňçylary we bir gün öň olara goşulan hem-de şäher häkimliginiň öňündäki ýygnanyşyga gatnaşan garyndaşlaryny goldamak üçin Žetibaýa geldi.

Nebite baý sebitde Günbatar Nebit Programma üpjünçiligine garşy iş taşlaýyşa başlan 500-den gowrak işçi we olaryň garyndaşlary ýolbaşçylar 13-nji dekabrda iş taşlan ýedi işçini işden aýyraly bäri, işçileriň işden boşadylmak howpunyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, ýerli kazyýet 11-nji dekabrda başlanan iş taşlaýyşyň bikanun bolandygyny yglan etdi.

Köp adamyň garda we aýazly sowukda düşelge gurmagy bilen, işçiler aýlyk tölegleri ulgamynyň milli KazMunaiGas energiýa korporasiýasyna goşulmagyny we öz ulanýan tehniki enjamlarynyň täzelenmegini talap edýärler.

Sebitdäki nebit we gaz kompaniýalary üçin transport hyzmatlaryny hödürleýän Günbatar Nebit Programma üpjünçiligi 18-nji dekabrda bu iş taşlaýyşyň "bikanundygyny" aýtdy we onuň dowam etdirilmeginiň "nebit guýularynda agyr hadysalara" sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Şeýle-de, kompaniýa öz hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, "iş taşlaýan ýa-da taşlamamdyk işçiler bilen baglaşan şertnamalaryndaky borçlaryny doly doly ýerine ýetirmek" isleýändigini aýtdy.

Gazak häkimiýetleri Merkezi Aziýa döwletinde esasy nebit we gaz gorlarynyň mesgeni bolan hem-de döwlet býujetine ep-esli goşant goşýan Mangystau sebitindäki nebit işgärleriniň bildirýän nägileliklerine ençeme ýyl bäri ünsli garaýarlar.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda azyndan 238 adamyň ölmegine we müňlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan zorlukly wakalar 2021-nji ýylyň dekabrynda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli Žanaozen şäherinde geçirilen protestlerden uç aldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew emele gelen agyr ýagdaýa tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek bilen jogap berdi we Russiýadan goşun getirip, Kollektiw howpszulyk şertnamasy guramasynyň esgerleriniň kazak gözegçlerine gözegçiligini ýola goýdy.

Hepde ahyrynda, Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň polisiýasy, Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralarda "mümkin bolan bikanunçylygyň we jenaýatyň öňüni almak" üçin, howpsuzlygy güýçlendirdi. Bu çäreler Gazagystanda 16-njy dekabrda bellenen Garaşsyzlyk gününe gabat geldi.

#NotExtremists, Gazagystanda adam hukuklarynyň bozulmagyna gözegçilik edýän telegram kanaly geçen hepde Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda azyndan sekiz sany aktiwistiň türmä basylandygyny ýa-da administratiw hukuk bozulmalarynda aýyplanýandygyny aýtdy.

2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda polisiýa Žanaozen şäherinde protest bildiren nebit işgärlerine garşy ot açyp, ol ýerde azyndan 16 adamyň we golaýdaky Şetpe şäherinde bolsa bir adamyň ölmegine sebäp boldy.

Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni sowet lideri Mihail Gorbaçýowyň 1986-njy ýylda Gazagystanyň uzak wagtlyk ýolbaşçysy Dinmuhammet Kunaýewiň ornuna Gennadiý Kolbini, Moskwadan getirilen etniki rusy belläninden soň ýurduň iň uly şäheri Almatyda başlanan ýaşlar gozgalaňynyň ýüze çykan wagtyna gabat gelýär.

Moskwa tarapyndan amala aşyrylan ýolbaşçy täzelenmesine garşy guralan demonstrasiýalara sowet häkimiýetleri güýçli basyş etdiler. Üç gün dowam eden demonstrasiýalarda, resmi maglumata görä, diňe birnäçe adam öldi. Ýöne häkimiýetleriň güýç ulanmagy netijesinde, demonstarasiýalar basylyp ýatyrylanda ýüzlerçe adamyň ölendigine ynanylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG