Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus gämisine urlan zarbanyň Moskwanyň söweş hereketlerine urlan 'agyr zarba' bolandygy aýdylýar


“Nowoçerkassk” gämisiniň ýitirilmegi sebäpli, rus goşuny harby ýüklerini daşamak üçin diňe paromlary ulanmaly bolar diýip, Pletençuk aýdýar.
“Nowoçerkassk” gämisiniň ýitirilmegi sebäpli, rus goşuny harby ýüklerini daşamak üçin diňe paromlary ulanmaly bolar diýip, Pletençuk aýdýar.

Ukrainanyň harby-deňiz güýçleri 26-njy dekabrda basylyp alnan Krym ýarym adasyndaky rus desant gämisiniň ýok edilmegini Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna urlan "agyr zarba" diýip häsiýetlendirdi.

Harby-deňiz güýçleriniň metbugat sekretary Dmytro Pletençuk 27-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda Krymyň Feodosiýa portuna urlan howa zarbasy wagtynda “Nowoçerkassk” desant gämisine ýetirilen zyýanyň Russiýanyň logistika mümkinçiliklerine düýpli zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

Pletençugyň tassyklamagyna görä, rus goşuny häzirki wagtda Russiýa bilen Russiýanyň basyp alan Krym ýarym adasynyň arasyndaky esasy baglanyşygy, harby üpjünçilik meselesinde esasy ýola öwrülen Krym köprüsini ulanyp bilmeýär.

Indi, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň zyýan ýetendigini boýun almagy bilen, “Nowoçerkassk” gämisiniň ýitirilmegi sebäpli, rus goşuny harby ýüklerini daşamak üçin diňe paromlary ulanmaly bolar diýip, Pletençuk aýdýar. Ukrain harbysy ruslaryň Gara deňizde uly desant gämilerini ulanmakdan öňräkden bäri kesilendigini öňe sürýär.

Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ignat 26-njy dekabrda urlan zarbanyň desant gämisindäki ok-därileriň ýarylmagyna hem-de uly partlama sebäp bolandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu gämi enjamlary, ýaraglary we işgärleri Feodosiýa we ukrain ýarym adasynda Russiýa tarapyndan basylyp alnan beýleki portlara daşamak üçin ulanylýan eken.

“Nowoçerkassk” gämisine ýetirilen zyýandan başga, UTS-150 okuw-tälim gämisine hem zyýan ýetdi we ol bölekleýin gark boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Russiýa gullugy 26-njy dekabrda habar berdi.

Pletençuk ukrain hüjümleriniň Russiýanyň harby-deňiz güýçlerine düýpli zyýan ýetirendigini we olaryň indi Gara deňizde bary-ýogy alty sany uly gäminiň galandygyny, Azow deňzinde hiç bir gämisiniň galmandygyny aýtdy.

“Krym Realities” neşiriniň maglumatyna görä, Russiýanyň iki sany gämisi, 26-njy dekabrda bolan hüjümden soň, Feodosiýa portuny terk etdi. Gämileriň atlaryny anyklamak mümkin bolmady, ýöne olaryň göwrüminiň ululygyndan çen tutulsa, olar harby gämi we gaýyk bolup, Russiýanyň Gara deňiz flotuna degişli bolmaly diýip, habarda aýdylýar.

Pletençuk, “Nowoçerkassk” gqmisine urlan zarba bilen bilelikde, ukrain güýçleriniň Russiýanyň ýedi sany uly gämisini weýran edendigini aýtdy.

26-njy dekabrda edilen hüjümden soň, Angliýanyň goranmak ministri Grant Şapps ozalky twitter, häzirki X-da soňky dört aýda Russiýanyň Gara deňiz flotunyň gämileriniň 20 göteriminiň ýok edilendigini ýazdy.

"Russiýanyň Gara deňizdäki agalygy indi berk synag astynda" diýip, Şapps aýtdy.

Rus deňiz floty özüniň iň uly ýitgisini 2022-nji ýylyň aprelinde, Gara deňiz flotunyň başyny çekýän “Moskwa” gämisi Ukrainanyň Odesa portunyň günortasynda, ugrukdyrylýan ganatly raketa bilen gark edilende çekdi.

Sentýabr aýynda bolsa, “Don boýundaky Rostow” atly suwasty gämisine zyýan ýetirildi. Bu gämi şol wagt Sewastopoldaky portda durdy.

Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeninden soň, Russiýa bilen Krym ýarym adasyny bir-birine baglaýan esasy ýol, 2018-nji ýylda açylan Krym köprüsi Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina çozaly bäri ukrain güýçleri tarapyndan ençeme gezek nyşana alyndy.

Rus goşunlarynyň öten agşam Ukraina ugradan onlarça pilotsyz uçarynyň hüjüminden soň bir adam öldi diýip, ukrain häkimiýetleri 27-nji dekabrda aýtdy. Ukrainanyň Odesa sebitiniň gubernatory asmanda urlan dronyň ýaşaýyş ýerine gaçan galyndylarynyň 35 ýaşly bir adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi bu hüjümde dört adamyň, şol sanda alty ýaşly çaganyň hem ýaralanandygyny aýtdy. Ukrainanyň howa güýçleri Russiýa tarapyndan uçurylan 46 pilotsyz uçaryň 32 sanysynyň asmanda urlandygyny aýtdy. Galan dronlaryň köpüsi front liniýalaryna, hususan-da günorta Herson sebitindäki front hatarlaryna zarba urdy.

Forum

XS
SM
MD
LG