Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gizlinlik düzgünleri

ŞAHSY GIZLINLIK DÜZGÜNLERI


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy (RFE/RL) internet ulanyjylar öz şahsyýetleri baradaky maglumatlary gizlin saklamak hem-de gözegçilik astyna alynmazdan, internete girmek hem-de onuň nawigasiýalaryndan peýdalanmak hukugyna eýe diýip hasaplaýar.

Websaýtlarymyzdan peýdalanyjylara mümkin boldugyça iň gowy internet habar hyzmatyny hödürlemek ugrundaky çärelerimizde, biz websaýtlarymyza girýänler barada özümizde iki dürli maglumatyň bolmagyny göz öňünde tutýarys. Ol maglumatlar: RFE/RL-iň neşir önümlerine e-mail arkaly abuna ýazylmak isleýän okyjylarymyz üçin biziň öz berýän e-mail adresimiz we saýtdan näçe adamyň peýdalanandygyny anyklamak üçin toplaýan umumy statistiki maglumatymyz.

E-mail adresler

RFE/RL-iň elektron poçta arkaly ýaýradýan habarlaryna abuna ýazylýanlar şol habarlary almak üçin öz e-mail adreslerini meýletinlik bilen bize berýärler. Şeýle maksat üçin berlen e-mail adresleri RFE/RL hiç haçan üçünji bir tarap üçin elýeterli etmez. Abunaçylaryň sanawy-da habarlary ýaýratmak maksadyndan başga maksatlar üçin hiç haçan RFE/RL-iň öz içinde birek-birege berilmez. Habar neşirlerine abuna ýazylanlar neşirlerde görkezilen we websaýtda ýerleşdirilen gollanmalara eýermek arkaly, islendik wagt islendik habar neşiriniň abunasyny togtadyp bilerler. Abunany togtatmakda kynçylyk ýüze çykan halatynda, olar habar neşiriniň her birinde görkezilen e-mail adresi arkaly biziň işgärimiz bilen ýa-da hat@azatradio.org adresi arkaly Internet Departamentimiz bilen habarlaşyp bilerler.

Statistiki görkezijiler

Köpsanly beýleki websaýtlaryň neşirçilerine meňzeşlikde, RFE/RL hem özüniň websaýtyna girýänleriň sany barada umumy maglumat toplaýar. Bu maglumat toplamagyň maksady näçe adamyň haýsy ýurtdan biziň websaýtymyza girendigini we haýsy sahypalary görendigini sanamakdan ybarat. Bu maglumat toplaýyş prosesi siziň anyk kimdigiňizi anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu diňe näçe sany kompýuteriň web-serwere girýändigini anyklamaga mümkinçilik berýär. Şu görkezijilerden hasabat düzmek üçin ulanýan software programmamyz “cookie” diýlip atlandyrylýan adaty brauzeriň funksiýasyna esaslanýar we ol saýtymyzy okaýan okyjylaryň haýsy sahypalara girendiklerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu “cookie”-ler her bir täze okyjynyň girmegi bilen dörän seansyň netijesinde tertipsiz ýagdaýda bellige alynýar we okyjynyň saýty terk etmegi bilenem, olaryň möhleti geçýär we sistemadan pozulýar. Şu görkezijiler esasynda emele gelýän hasabatlar saýtyň işini gowulandyrmak hem-de saýtymyzdan peýdalanyjylaryň habarlaryň görnüşlerine bildirýän isleglerini göz öňünde tutmak maksady bilen RFE/RL-niň öz içinde ulanylýar.

Öz soraglaryňyzy we kommentariýalaryňyzy şu adrese gönderip bilersiňiz: hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG