Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Meniň bolýan ýurdumda Azatlyk Radiosynyň websaýty petiklendi. Näme etmeli?

Türkmenistanyň häkimiýetleri ençeme ýyllardan bäri Azatlyk Radiosynyň web-saýtyny petikläp gelýär. Golaýda Russiýa hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýene üç saýtyny, şol sanda Türkmen gullugynyň rus dilli web-saýtyny petikledi. Biziň materiallarymyzy okamagy dowam etdirmek üçin:

Telegram

Biziň Telegram-kanalymyza ýazylyň.

Türkmenistanda we dünýäniň dürli regionlarynda bolan we bolup duran soňky wakalar barada gysgaça habarlary biziň kanalymyzdan yzarlap bilersiňiz.

VPN

VPN näme? Wirtual (öwrümli) hususy ulgam (VPN) ulanyja başga bir ýerde ýerleşen serwere birikmek arkaly şahsyýetini we ýerleşýän ýerini gizlemäge mümkinçilik berýär. Ol maglumatlary tutmak kyn (hatda mümkin hem däl). Adamlaryň internet howpsuzlygyna has çynlakaý seredip başlamagy bilen VPN-leriň meşhurlygy bütin dünýäde artdy.

Netijede, köp VPN peýda boldy: onuň ýönekeý, çylşyrymly, mugt, tölegli, gymmat bahaly, arzan görnüşleri bar. Russiýa ýaly maglumat azatlygyny basyp ýatyrýan ýurtlarda VPN bikanun hasaplanýar. Käbir awtoritar hökümetler internet ýollaryna (traffigine) gözegçilik etmek üçin, öz VPN-lerini öňe sürýärler.

Ine, biziň ynam bildirýän käbir mugt VPN-ler:

Bu VPN hyzmatlary mugt. Olar ABŞ-nyň bähbit aramaýan “Açyk tehnologiýa gaznasy” (Open Technology Fund) jemgyýetçilik guramasy tarapyndan goldanylýar. Ol "söz azatlygyny giňeltmek, jeza beriji gadagançylykdan we yzarlanmalardan sowlup geçmek, adam hukuklaryny we açyk jemgyýeti ösdürmek üçin" döredildi.

“Sogan” TOR-ulgamy

Şeýle hem Tor brauzerini indirip, öz şahsyýetiňizi ýaşyrmak üçin, biziň “sogan” ulgamymyza howpsuz girip bilersiňiz.

Tor brauzeri açyk çeşme kody bilen mugt programma üpjünçiligi bolup, ol adamlara internete anonim girmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmat dünýäniň çar künjegine ýaýradylan örtük ulgamy diýlip atlandyrylýan internet ýollaryna ugrukdyrýar. Bu internet işjeňligini ulanyja garşy yzarlamany has kynlaşdyrýar.

Bu hyzmat ilkibaşda ABŞ-nyň hökümet alymlary tarapyndan 1990-njy ýyllarda, Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň maglumatlaryny goramak üçin işlenip düzüldi. Soňra ABŞ-nyň hökümetiniň maliýe ýardamy esasynda, onuň ygtyýarnamasy Internet azatlygyny goraýjy Human Rights Watch we beýleki hususy pudaklar üçin açyk edildi. TOR hyzmatyny goldaýan kommersiýa maksatly däl guramanyň edarasy Sietlde ýerleşýär.

Tor ulgamyndaky hyzmatlar:

Tor brauzerini nädip indirip almaly:

Sahypalar petiklenen bolsa, siz gettor@torproject.org adresine boş e-meýl iberip bilersiňiz, şonda size brauzer bukjasy e-poçta bilen iberiler.

Tor petiklenen ýagdaýynda, köprüler okyjylara Tor ulgamyna girmäge kömek edýär. Okyjylar aşakdaky usullaryň birinden köpri soramaly:

— @GetBridgesBot Telegram kanalda aýratyn bellenen "/bridges" ibermek we soňra Tor brauzerinden [Settings > Tor > Bridges > Provide a bridge] arkaly alnanlary göçürmek bilen goýup bilersiňiz.

— E-poçta arkaly bridges@torproject.org salgydan köpri soramaly we onuň yzyndan köprüler setirini goşmak arkaly Tor brauzerinde [Settings > Tor > Bridges > Provide a bridge] goýup, alnan nusgany göçürip almaly.

— Tor brauzerinden “Snowflake” arkaly [Settings > Tor > Bridges > Select a built-in bridge > Snowflake] birikmeli.

Soralýan köprülere girmek üçin:

— Desktop: Settings > Tor > Bridges > Provide a bridge​

— Android: Config Bridge > Provide a bridge I know​

— iOS: Bridge Configuration > Custom Bridges​

Tor proýekti: @TorProjectSupportBot iňlis we rus dillerinde ulanyjy goldawy üçin, Telegram kanalyny goldaýar

“Aýna” salgylar

Biziň täze käbir habar saýtlarymyzda has uzyn we has üýtgeşik sepleri (link) gören bolmagyňyz mümkin. Köp ýerlerde häkimiýetleriň websahypalarymyzy petiklemegini has kynlaşdyrmak üçin, biz saýtlarymyzyň “aýna” atlandyrylýan nusgalaryny ulanýarys.

Aýna saýty – ol şeýle: kompýuter serwerindäki web sahypasynyň ýa-da faýllar toplumynyň takyk nusgasy başga bir kompýuter serwerinde ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, websahypa ýa-da faýllar birden köp ýerde elýeterli görünýär. Hökümetler ýa-da düzgünleşdiriji topar bir sahypanyň petiklenmegini ýa-da senzura edilmegini buýran ýagdaýynda, biz aýnaly usuly ulanýarys. Sebäbi okyjylar öňküleri ýaly asyl mazmuna girip bilerler, ýöne muňa derek ony parallel sahypada okarlar.

Olar uzak wagtlap işläp bilmezler, sebäbi häkimiýetler olary has çalt petikleýärler. Biz olary sepleriň gysga möhletli baglanyşygy üçin ulanmagy maslahat berýäris. Bu aýratyn-da VPN ulanmaýanlara degişli. Aýna sep salgysyny almak üçin, siz ony Chrome we Firefox arkaly indirip alyp bilersiňiz.

Ýöne biz olary websahypalaryňyzda we uzak möhletli sosial media ýazgylarynda baglanyşyk hökmünde ulanmazlygy maslahat berýäris, sebäbi olar birnäçe günüň içinde petiklenýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň tilsimleri

Biziň tilsimlerimizde senzuradan sowlup geçmek tehnologiýasy bar. Olary siz Google we Apple marketlerinden (bazarlaryndan) tapyp bilersiňiz. Eger sizde Android bolsa, tilsimler bazary hem siziň ýurduňyzda petiklenen bolsa, tilsimi şu ýerden indirip bilersiňiz.

Sanly özneşir (samizdat)

Biziň iň gowy materiallarymyz barada habar ýaýratmak üçin, ulanyjylarymyzyň jemgyýetine bil baglaýarys. Şol sanda sizi hem goşmak bilen, maglumatlarymyzy paýlaşýanyňyz ýa-da başgalara iberýäniňiz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Paýlaşanyňyzda, alyjyda haýsy tehniki sazlamalaryň bardygyny bilmek käte kyn bolup biler. Eger siz olarda VPN ýok ýaly duýsaňyz we olar gysga wagtyň içinde sepleri açyp bilmeseler, biziň hasabatymyzy faýl hökmünde ibermek iň gowy ýol bolup biler.

Siz biziň web sahypalarymyzdan ähli wideolary we ses ýazgylarymyzy göçürip alyp, soňra olary faýl görnüşinde paýlaşyp bilersiňiz. Eger siz teksti paýlaşmak isleseňiz, ol ýazgylary pdf ölçeginde çap etmegi maslahat berýäris, soňra ol dokumenti ugradyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG