Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen Müsüriň arasyndaky buzlar ereýär


Indi Halid Islambuliniň ruhy zym-zyýat boljaga meňzeýär.
Indi Halid Islambuliniň ruhy zym-zyýat boljaga meňzeýär.
Müsür bilen Eýran arasyndaky 2,400 kilometr çemesi ýol beýle uzak aralyk däl welin, ýöne geçen 30 ýyllykda Halid Islambuliniň kölegesi bu iki ýurduň arasyndaky geografik bölünişigi ulaltdy.

Bu yslamçy goşun işgäri 1981-nji ýylda Müsüriň prezidenti Anwar Sadaty Ysraýyl bilen “Camp David” parahatçylyk ylalaşygyna gol çekişeni üçin öldürdi. Şeýlelikde Halid Islambuli Kair bilen Tähranyň arasyndaky syýasy we ideologik bölünişigiň simwolyna öwrüldi.

Ýöne indi Islambuliniň ruhy zym-zyýat boljaga meňzeýär.

Ysraýyl bilen Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine urulýan urgy bolmagy mümkin bolsa-da, Müsür özüniň Tähran bilen gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmaga taýýardygyny bildirdi. Fewral aýynda agdarylan öňki prezident Hosni Mubarek bolsa, Eýranyň yslam režimine ganym duşman hökmünde garardy.

Müsüriň täze daşary işler ministri Nabil Al-Arabi 30-njy martda özüniň Eýran bilen “gatnaşyklary giňeltmegi” umyt edýändigini aýtdy.

Tähran hem muny gyzgyn garşylap, Daşary işler ministrligi 1979-njy ýylda gatnaşyklaryň kesilmeginden bärde özüniň Kair üçin ilkinji ilçisini bellemäge taýýarlyk görýändigini bildirdi.

Ysraýylda ýerleşýän Ýakyn Gündogaryň ykdysady we syýasy analiz kompaniýasynyň eýranly kommentatory Meir Jawedanferiň pikiriçe, Eýranyň Müsürde ilçihanasynyň bolmagynyň özi hem Ysraýyl üçin bir gowy zat däl.

“Regionda her bir ýurduň, aýratyn-da, Ysraýyl bilen serhetdeş bir ýurduň Eýran bilen gatnaşygynyň bolmagy Ysraýyl üçin gowy zat däl. Eýranyň bu ýerde bir düşelgesiniň bolmagy Ysraýyl üçin alada alamaty. Sebäbi, Ysraýyl hökümetiniň garaýşyça, olaryň öz täsirlerinden peýdalanyp, halky Ysraýyla garşy ruhlandyrmaklary mümkin. Ýa-da bu ýurduň territoriýasyny Ysraýyla garşy maglumat toplamak üçin ulanmaklary mümkin. Eýranyň atom desgalaryna hüjüm edilse, bu territoriýadan Ysraýyla hüjüm üçin peýdalanmaklary-da mümkin” diýip, Jawedanfer aýdýar.

Kimiň bähbidine?


Käbir analizçileriň pikiriçe bolsa, Eýran bilen Müsüriň arasyndaky täze ýaranlykdan gorky esassyz. Kairde ýerleşýän Regional we strategik barlaglar merkeziniň direktory Mustafa al-Labbad: “Eýran bilen täze sahypanyň açylmagy Müsüriň beýleki gatnaşyklaryna, ylaýta-da Eýranyň niýetine şübheli garaýan Saud Arabystany ýaly döwletler bilen bolan gatnaşyklaryna zyýan ýetirmez” diýýär.

“Iki ýurduň syýasy sistemasy bütinleý tapawutly. Müsür Günbataryň saýawanynyň aşagynda, Eýran bolsa beýle däl. Yrak we Pars aýlagynda-da Eýran bilen Müsüriň milli bähbitleri gapma-gaşylykly. Bu bolaýsa, bir strategik ýaranlyk däl-de, adaty gatnaşyk bolar. Strategik ýaranlyk üçin iki tarapdan-da köp zatlar gerek. Men ýagdaýlar strategik ýaranlyga ýol berer öýdemok” diýip, Labbad aýdýar.

Labbadyň garaýşyça, Müsüriň “Camp David” ýaraşyk ylalaşygyna baglylygynda, Günbatar bilen bolan gatnaşygynda hem üýtgän zat bolmaz.

“Ysraýyl bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyga zyýan ýeter diýip, pikir edemok. Müsürde “Camp David” ylalaşygyny hiç kim sorag astyna alanok. Ysraýyl bilen dartgynlygyň hem bolmagyny Müsürde hiç kim islänok. Hatda “Musulman Doganlar” hem Müsüriň indiki parlamentinde köplük orny eýeleseler-de, bu ylalaşyga garşy çykyp bilmezler. Olar asyl bu işi etmek islemeýärem” diýip, Labbad belleýär.

Ýöne nähili çäklenmeler bolsa-da, bu gatnaşykdan peýda görjek Eýran.

“Iki ýurduň görjek peýda we zyýanyna seredip göreliň. Müsür bilen gatnaşykdan Eýranyň görjek peýdasy we çekjek zyýany näme, Müsüriň Eýran bilen gatnaşykdan görjek peýdasy we çekjek zyýany näme? Mundan peýda görjek Eýran. Sebäbi ol, ylaýta-da şu wagt, regionda üzňelikde otyr. Müsür bilen gatnaşygyny gowulandyrmak Eýran üçin möhüm wagta gabat gelýär. Regionda güýjüni görkezmegi barada aýdanyňda, Kairde ilçihanaly bolup, harby gämilerini Sues kanalyndan ýola salmak regionda güýjüni güjeňlemegi üçin Tährana kömek bolar” diýip, Jawedanfer belleýär.
XS
SM
MD
LG