Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly ýylynyň nyşany we 10$. Türkmenistan uruş weteranlaryny 'sylaglady'


Ikinji jahan urşuna gatnaşan türkmen weteranlary (Arhiw suraty)
Ikinji jahan urşuna gatnaşan türkmen weteranlary (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Ikinji jahan urşundaky ýeňşiň ýyl dönümi sebäpli türkmen uruş weteranlaryna sowgat berilýär. Ýaşy bir asyra golaýlan türkmen ýaşulularyna adatdakysy ýaly prezidentiň adyndan gowşurylýan sowgadyň mukdary şu ýyl hem iňňän ujypsyzlygyna galdy we 200 manatdan ybarat boldy. Türkmen resmileri bu puluň näçe adama beriljegini, ýagny ýurtda näçe weteranyň galandygyny şu ýyl hem agzamady. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary uruş weteranlarynyň sanyna we döwletiň ýaşululara bolan gatnaşygyna degişli käbir maglumatlary anykladylar.

Balkan welaýatynda 3 sany uruş weterany, şeýle-de 4 sany tylda zähmet çeken raýat ýaşaýar. Bu barada statistika maglumatlary bilen işleýän welaýat edaralaryndaky çeşmeler anonim şertde gürrüň berdier.

Uruş weteranlarynyň ýaşaýan Gyzylarbat, Magtymguly we Türkmenbaşy etraplarynda uruş weteranlaryna sylag gowşurmak boýunça çärler geçirildi. Ýerli içeri işler edaralarynyň we medeniýet öýleriniň işgärlerinden jemi 6 adamdan ybarat döredilen toparlaryň gatnaşmagynda resmi çäreler geçirilip, weteranlara sowgat gowşuryldy.

"Welaýat tele-radiokanallarynyň wideo operatory bilen bilelikde göz üçin görkezmäge niýetlenen reportažlar taýýarlandy. Döwlet tarapyndan berilen 200 manadyň gowşurylandygy we ýyl nyşanynyň dakylandygy, pul sowgadyny maňlaýna degirip alýan uruş weteranlarynyň wideo sahnalary ýazgy edildi. Şeýle-de olara polisiýa işgärleriniň hasabyna alynan uly gül dessesi we Türkmenistanda öndürlen telewizor, süýji köke we azyk önümleri bilen doldurylan sebet gowşuryldy" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Ýerli çeşmeler sanlyja galan uruş gatnaşyjylar üçin şu ýyl 200 manat pul sowgadyndan başga-da misden ýasalan 2024-nji ýylyň şygary "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýazgyly döşe dakylýan znaçok-nyşan berlipdir.

Prezidentiň adyndan uruş weteranlaryna berilýän 200 manatlyk sowgat döwlet kursy boýunça 57 dollar, gara bazar kursy boýunça 10 dollar çemesi pula barabar bolýar. Ykdysady ösüşlerini wasp edýän tebigy resurslara baý ýurtda ýaşy 100 golaýlan sanlyja adama berýän bu ujypsyz sowgady hatda Merkezi Aziýanyň giňişliginde hem iň pes.

Goňşy Özbegistanda şu ýyl uruş weteranlaryna 1600 amerikan dollaryna barabar pul sowgady berildi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýerli ýaşaýjylar döwlet ýolbaşçysynyň adyndan abraýly gojalara sowgat diýlip, berilýän puluň we onuň gowşurylyşynyň olaryň watanyň öňünde eden zähmetini äsgermezlik we kemsitmek diýip, hasap edýändigini aýtdylar.

"Döwletiň sanlyja galan uruş weteranlaryna 200 manat pul sowgady bermegi balkanlylaryň gaharyny getirdi. Goňşusy Gazagystanda tas 4 müň amerikan dollar öz weteranlaryna pul sowgady berendigini biz internet, telewideniýe üsti bilen eşidip, görüp otyrys. Türkmen ýolbaşçysy utanman 10 amerikan dollarlyk puly sowgat hökmünde dilegçilere beren ýaly edip, gowşurýar. Biz muňa adam mertebesini, weteranlaryň namysyny depelemek diýip düşünýäris" diýip, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Balkandaky habarçy resmileriň garrylaryň halyndan habar almaýandygyny belledi: "Şu ýyl sanlyja adam 9-njy maý Ýeňiş gününe ýetdi. Döwlet urşa we tyla gatnaşanlaryň halyndan habar almaýar, diňe medeni çärelere üns berilýär".

Resmi metbugat ýurtda ýaşap ýören weteranlaryň sany barada maglumat bermeýär. Ozalky ýyllarda çap bolan käbir maglumatlarda Türkmenistanda 2013-nji ýyla çenli müňe golaý uruş weteranynyň ýaşandygy aýdylypdy.

2018-nji ýylda garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" ýurduň döwlet teleýaýlymlarynda görkezilen telereportažlara salgylanyp, 36 weteranyň sylaglanandygyny habar beripdi. Şonda döwlet telewideniýesindäki reportažda Aşgabatdan 6, Ahal welaýatyndan 4, Balkan welaýatyndan 3, Daşoguz welaýatyndan 7, Lebapdan 7 we Mary welaýatyndan 9 weteranyň görkezilendigi habar beripdi.

"Geçen ýyllarda uruş weteranlarynyň onlarçasy bar wagtynda tas 70 göterim uruş weteranlary Türkmenistanda ömüriniň soňky ýyllaryny garyplyk we açlyk derejesinde geçirdiler. 2018-2021-nji ýyllaryň çörek gytçylygyny gören türkmenbaşyly Ýagşymyrat aga uruş döwürinde hem uny satyn almak beýle kyn bolmandy diýipdi. Soň ol ýaşuly aradan çykdy ýöne, onuň aýdanlary henizem ýadymda. Men gaty gynandym uruş gatnaşyjylary ömüriniň ahyrynda bir döwüm çöregiň aladasy bilen ölüp gitmegi yzyna gaýtaryp bolmaýan agyr ýagdaýdyr" diýip, türkmenbaşyly söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar türkmen döwletiniň watany goran öz raýatlaryna bolan şeýle kemsidiji gatnaşygynyň geljek nesiliň hem watansöýüjilik ruhlaryny söndürýändigini belleýärler.

Türkmenistanda Ikinji Jahan urşuna gatnaşan uruş weteranlaryna 200 manat möçberinde pul sowgady geçen ýyl hem gowşurylypdy.

Käbir ýyllarda weteranlar özlerine prezidentiň adyndan gowşurylan sowgady üçin özleri tölemeli bolupdy.

Geçmişde käbir ýyllarda Türkmenistanda uruş weteranlaryna we olaryň yzynda galanlara prezidentiň adyndan diýlip, berilýän sowgatlar üçin býujet edaralarynyň işgärlerinden hem pul ýygnalypdy.

Türkmen resmileri we döwlet habar beriş serişdeleri soňky 30 ýyldan gowrak wagt bäri urşa gatnaşan türkmenistanlylaryň umumy sanyny hem agzamaýarlar.

Türkmenistandan Ikinji jahan urşuna gatnaşan adamlaryň sany barada Internetdäki açyk çeşmelerde 180-200 müň diýen san agzalýar. Şeýle-de Türkmenistandan 556 lukman, 7,5 müňden gowrak kiçi medisina işgäri söweş meýdanynda gulluk edipdir.

Dürli çeşmelere görä, Ikinji jahan urşuna gatnaşandygy üçin 78 müňe golaý türkmen raýaty sylaglandy, olaryň arasynda azyndan 104 adama Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berildi, 15 adam Şöhrat ordeniniň doly eýesi boldy.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty "Beýik Watançylyk urşy" jümlesini bäş ýyl arakesmeden soň, 2018-nji ýylda gaýtadan ulanyp başlady. 2013-nji ýyldan soňky 5 ýylyň dowamynda bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýlip agzalýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG