Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birinji oýunlarda meýdança eýeleri ýeňildi


Lionel Messi
Lionel Messi

Dünýäniň dürli künjeklerinde gyzykly sport ýaryşlary dowam edýär.

Ýewropada futbol boýynça Çempionlar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi.

Sişenbe güni Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherinde ýerli “Şalke-04” “Mançester Ýunaýtedi” kabul etdi. Myhmanlar oýnuň 2-nji ýarymynda iki gezek üstünlikli hüjüm geçirdiler. Ilki Raýan Giggs, soň bolsa Weýn Runi topy derwezä salmagy başardy. Netijede “Mançester Ýunaýted” 2-0 hasabynda ýeňiz gazandy.

Çarşenbe güni Madridde “Real” özüniň iň bir ýanbermez bäsdeşi “Barselona” bilen duşuşdy. Bu ýerde hem ýaryşyň ykbaly oýnuň 2-nji ýarymynda çözüldi. Dünýäniň iň ökde futbolçysy hasaplanýan Lionel Messi ýokary ussatlyk görkezip, pökgini 2 gezek “Realyň” Iker Kasiýas tarapyndan goralýan derwezesine salmagy başardy.

Şeýlelikde, birinji oýunlaryň ikisinde-de şol bir hasap bilen meýdança eýeleri ýeňlişe sezewar boldular we olaryň indiki oýnunda hem-de iki oýnuň jemi boýunça üstünlik gazanmagy juda kyn mesele ýaly bolup görünýär.

Jogap oýunlary indiki hepdäniň sişenbe we çarşenbe güni geçirilmeli.

NHL-de hokkeý boýunça konferensiýalaryň çärýek final oýunlary tamamlandy. Olaryň netijeleri boýunça konferensiýalaryň ýarym final oýunlaryna “Waşington Kapitalz”, “Detroýt Red Wingz”, “Wankuwer Känaks”, “Tampa Beý Laýtniň”, “Näşwill Predators”, “Boston Brýuins”, “Filadelfiýa Flaýers” we “San Hoze Şarks” gatnaşar.

“Waşington Kapitalz” Gündogar konferensiýanyň ýarym finalynda “Pittsburg Pingwinzi” ýeňmegi başaran “Tampa Beý Laýtniň” bilen güýç synanyşar.

Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG