Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň goşunlary Misurata şäherine hüjüm edýärler


2-nji maýda Liwiýada Muammar Kaddafiniň goşunlary Misurata şäherine gaýtadan hüjüme başladylar. Bu hüjümlerde azyndan 6 adamyň heläk bolup, onlarçasynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýurduň paýtagty Tripoli şäherinde NATO-nyň howa arkaly amala aşyran hüjümi netijesinde 1-nji maýda heläk bolan Kaddafiniň oglunyň we üç agtygynyň jaýlanyş çäresi geçirilýär.

Bu wakadan soň ýerli ýaşaýjylar Tripolidäki Günbatar ýurtlarynyň ilçihanalaryna we BMG-niň edarasyna hüjüm etdiler.

Liwiýanyň hökümeti daşary ýurt ilçihanalaryna we BMG-niň edarasyna edilen hüjümlere gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG