Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Kawkazda 13 jeňçi öldürildi


Rus häkimiýetleri Çeçenistan bilen Dagystanda ondan gowrak ýaragly erkegiň öldürilendigini aýdýarlar. Ýerli media we polisiýa 6-njy gün howpsuzlyk güýçleriniň Inguşystanyň golaýynda 4 jeňçini öldürendiklerini aýdýarlar.

Dagystandaky atyşyk polsiýa Hasawýurtda bir nomersiz maşyny saklajak bolanda turdy. Atyşykda maşyndaky 5 adamyň bary öldürildi.

Şu gün oba ýerleriniň ikisinde hem paýtagt Groznyda ýaragly adamlar bilen polisiýanyň arasynda çakynyşyklar boldy. Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi çaknyşyklarda 8 sany ýaragly adamyň öldürilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG