Sepleriň elýeterliligi

ABŞ raýatynyň goýberilmegini Eýrandan talap etdi


Waşington Amerikanyň raýaty bolan alym Kian Täjbakşyň erkinlige goýberilmegini Tährandan talap etdi. Mundan öň hem bir gezek, Amerikanyň içalysy diýlen aýyplamada günälenip tussag edilen Täjbakş, hepdäniň ahyrynda ýene bir gezek tussag edilipdir.

Eýran asylly alym Amerikanyň raýaty bolup, ol ilkinji gezek 2007-nji ýylyň Maý aýynda içalyçylyk aýyplamasy boýunça tussag edilipdi. Şol wagt dört aý bendilikde saklanandan soň boşadylan Täjbakşyň gaýtadan tussag edilmeginiň sebäpleri heniz anyk däl.

Mälim bolşuna görä, Eýran 12-nji iýunda geçirlen prezidentlik saýlawlaryndan soňra, ýurtda başlanan protestleri basyp ýatyrdy. Tähran bu bulagaýçylygyň gurnalmagynda daşary ýurtlaryň rolunyň bardygyny aýdýar.

Şol saýlawlarda Eýranyň häzirki prezidenti Mahmud Ahmedinejad ýeňiş gazandy. Oppozisiýa lideri Mir Hussain Musawi bolsa, saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG