Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky hristianlar hristianlaryň öldürilmegine protest bildirdiler


Düýnden başlap Pakistandaky hristianlar ýakynda öldürilen hristianlaryň ölümine protest bildirip, tutuş ýurt boýunça üç günläp öz okuw mekdeplerini ýapmak çäresine başladylar.

Şu geçen şenbe güni radikal musulmanlaryn bir topary Pakistanyň gündogaryndaky Gojra On şäherinde mukaddes Gurhanyň mertebesini kemsidenlikde aýyplap, ýerli hristianlara hüjüm etdiler. Wakada hristian raýatlaryndan jemi altysy öldi.

Habar agentlikleri hüjümleriň öňüni almak üçin ýerli polisiýanyň kän bir inisiatiwa görkezmändigini habar berdiler.

Ýerli hristian liderleri we käbir resmiler hristianlaryň Gurhany kemsidendikleri baradaky maglumatyň myş-myş bolup çykandygyny tassykdalydylar.
XS
SM
MD
LG