Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejadyň ministrler sanawyna garaşylýar


Eýranyň parlamenti prezident Ahmedinejadyň täze kabineti üçin 21 adamdan ybarat ministrleriň sanawyna garaşýar.

Kasam kabul edenden 2 hepde soň prezident kabinet agzalarynyň sanawyny mejlise hödürlemeli. Bu möhlet bolsa düýn tamamlandy we Ahmedinejad bu babatda hereket edenok.

Eýranyň kanuny boýunça, kabinet ministrlerini mejlis tassyklamaly. Bu meselede hem syýasy gapma-garşylyklaryň we çekişmeleriň boljagy çak edilýär.

Mottakiniň Daşary işler ministri wezipesinde galmagyna garaşylýar. Bilim, saglylygy saklaýyş hem-de sosial meseleler boýunça ministrliklere 3 zenan hödürlener.
XS
SM
MD
LG