Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Antaliýa bardy


Öten agşam Türkmenistanyň prezidenti Sofiýadan Türkiýäniň Antaliýa kurortyna geldi. Onuň Türkiýä iş sapary başlandy-diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýty ýazýar.

Şu gün iki ýurduň prezidentleri türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny, şeýle-de taraplary gyzyklandyrýan regional we dünýä syýasatynyň meselelelerini maslahatlaşar.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün inwestisiýa forumyna gatnaşar. Oňa uly türk kompaniýalarynyň wekilleri çagyrylypdyr-diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG