Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Mekdebe prezidentiň atasynyň ady dakyldy


Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Yzgant obasynda açylan 27-nji orta mekdebe ýurduň prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy diýen habary Türkmenistan.ru Internet gazeti ýaýratdy.

400 okuwça niýetlenen 3 gatly mekdebiň binasynyň açylyş dabarasy 1-nji senýabrda geçirilipdir. Bu dabara prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow gatnaşypdyr.

Hut şol gün, 1-njy sentabrda Yzgant obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň hem açylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG