Sepleriň elýeterliligi

Moldowa Orsýetiň göreş meýdanydy


Kommunistler tarapyndan aşa galplyklara ýol berlenligi aýdylmagyna garamazdan, oppozisiýa halk köpçüliginiň aglabasynyň sesini almagy başardy.

Kommunistler tarapyndan aşa galplyklara ýol berlenligi aýdylmagyna garamazdan, oppozisiýa halk köpçüliginiň aglabasynyň sesini almagy başardy.

Moldowada geçirilen saýlawlaryň netijesi geçen aý paýtagt Kişinewde ýerleşýän bir otelde yglan edilende, halkyň uly bir bölegi bu ýurduň geljeginiň yglan ediljek şol netijä bagly boljakdygyny pikir edýärdi.

Uzak wagtdan bäri komunistler tarapyndan dolandyrylyp gelinýän Moldowa Orsýet bilen ýakyn ykdysady we syýasy aragatnaşyk saklap gelýär. Ençeme ýaş moldowalylar komunistleri ýurduň ösmegine böwet bolýanlykda aýyplaýarlar. Olar saýlawlarda ýurdy Ýewropa bilen ýakynlaşdyrjakdygyny aýdýan liberal toparlary goldadylar.

Kommunistler tarapyndan aşa galplyklara ýol berlenligi aýdylmagyna garamazdan, oppozisiýa halk köpçüliginiň aglabasynyň sesini almagy başardy.

Täze dörän umyt

Bu ýagdaýa Uniwersitetiň studenti Aleksan Yuliýan täze dörän umyt diýip, baha berýär. “Hemmämiz gowulyga tarap uly özgerişligiň bolmagyna garaşýarys. Biz Ýewropadan berk we aç-açan goldaw berilmegini isleýäris. Bu iň esasy meseledir diýip, moldowaly ýaş ýigit Yuliýan aýtdy”.

Moldowa Orsýetiň öňki Sowet Soýuzyna girýän respublikalary öz täsiriniň astynda saklamak ugrunda edýän aladasy boýunça iň ahyrky söweş meýdanydy. Günbatar bolsa, şol ýurtda demokratiýany goldap, çykyş ediýär.

Kremli tankyt ediýän synçylar şeýle ýagdaýlaryň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Orsýet bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin alyp barýan aladasynyň we Amerikanyň öz goldawyny azaltmagyna sebäp boljakdygyny aýdýarlar.

Açyk hat çap edildi

Obamanyň Orsýete sapar edip, bu ýurt bilen aragatnaşyga täze badalga berýänligini aýtmagynyň yz ýany, iýul aýynda, günbatar we gündogar ýewropada ýerleşýän ýurtlaryň öňki liderleri oňa ýüzlenip, açyk hat çap etdiler. Bu hata gol goýan liderleriň hatarynda Çehiýanyň öňki ýolbaşçysy Waslaw Gawel we Polşanyň öňki lideri Leh Walensa ýaly tanymal şahsyýetler bar.

Olar şol hatda täze demokratik ýurtlara abanýan howp barada gaty alada galýandyklaryny mälim edipdirler. Hatda aýdylyşyna görä, abanýanlygy agzalýan howplardan biri Orsýete regionyň howpsuzlyk meseleleri barada kabul edilýän kararlarda uly rol oýnamaga mümkinçilik berilýänligidir.

Şol liderler Orsýetiň öz maksadyna ýetmek üçin aýratynam ykdysady gurallardan, şol sanda energiýa serişdelerinden, şeýle-de sýyasy äheňli maýa goýum ýaly usullardan peýdalanýanlygyny mälim etdiler. Orsýet saýlawlardan oň Moldowadaky kommunist hökümete 500 million dollar berjekdigini yglan edende, kommunist lider Wladimir Woronin Ýewropanyň Gündogar hyzmatdaşlygy programmasyny tankytlap, çykyş edipdi.

Moskwanyň täsirine söwda pudagynda hem göz ýetirmek mümkin. Orsýetiň döwleti tarapyndan kontrollyk ediliýän kompaniýalar, şeýle-de Kremle ýakyn biznesmenler moldowaly kompaniýalary barha köp öz ellerine geçirýärler.

Moldowanyň mediasy kimiňki?

Ykdysadçy Tatýana Laruşiniň aýtmagyna görä, Moldowanyň media kompaniýalarynyň 75 prosenti töweregi bireýýäm Orsýetiň eýeçiliginde bolup, olar Kremliň propagandasyny amala aşyrmak bilen meşgullanýarlar. “Moldowa bagty ýatan bir ýurt, sebäbi Orsýet öz döwlet kooperasiýalaryny öz daşary syýasatyny alyp barmak maksadyna görä ulanýar”.

Moskwanyň Moldowada özüni alyp barşy Orsýetiň şol region boýunça ýöredýän syýasatynyň ugruny aňladýar. Kreml Ukraina akdyrylýan gazy kesipdi, şeýle-de öňki Sowet Soyuzynyň ençeme agzasyndan bu ýurda edilýän azyk-iýmit importyny ýatyrdy.

Emma Moskwanyň tarapyny tutýan separatist regionlaryny basyp almak üçin Gürjüstanyň şol ýere goşun ibermegine Orsýetiň görkezen garşylygy regina howp salan iň uly ýagdaý hökmünde ýüze çykypdy.

Çeh DIM-niň garaýşy

Çehiýanyň Daşary işler ministri Stefan Fule ýakynda iberilen hata Obama tarapyndan üns berilmezligi ýalňyşlyk bolar diýdi. “Öz ýurtlaryna gowy hyzmat eden ençeme tanymal şahsyýetleriň şeýle hat ýazmaklygy Ýewropanyň şu böleginde şeýle aladanyň bardygyny aňladýar”.

Fule Obamanyň Orsýet baradaky täze syýasatynyň haýsydyr bir netijesiniň bolup-bolmanlygy barada pikir beýan etmek üçin heniz irdigini mälim edip, munuň nähili üstünlikli boljakdygy barada öz pikrini şeýle beýan etdi: “Orsýetiň öz täsirini gaýtadan güýçlendirmek ýaly islendik hereketine Amerikanyň berk garşylyk görkezen ýagdaýynda bu sýyasat üstünlikli bolup biler”.

Käbir synçylar bolsa, Moskwa bilen Günbataryň dünýägaraýşynyň arasynda ummasyz tapawudyň bardygyny ýatladyp, Waşingtonyň amala aşyrylmagy mümkin bolmadyk işleri etmäge çemeleşýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG