Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen Palestinanyň liderleri gepleşik geçirer


Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mitçell ýakyn günlerde Ysraýyl bilen Palestinanyň liderleriniň geçirjek gepleşiklerinde möhüm ylalaşyklara gelinmeginiň mümkindigini aýtdy.

Hususan-da, ol geçiriljek gepleşiklerde Günbatar Kenarda Ysraýylyň alyp barýan gurluşyk işlerini togtatmak meselesi hem-de ikitaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerini täzeden ýola goýmak meselesi barada gürrüň ediljekdigini mälim etdi. Şenbe güni Ysraýyla baran Jorj Mitçell Ysraýylyň resmileri bilen bu gürrüňi edilýän meseleler boýunça özara gepleşikler geçirdi.

Hepdäniň sişenbe güni ol Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşmaklygy planlaşdyrýar. Mahmud Abbas bu wakalaryň fonunda duýnki eden çykyşynda Ysraýylyň Günbatar Kenardaky gurluşyk işlerini togtatmadyk halatynda, parahatçylyk baradaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň gaýtadan ýola goýlup bilinmejekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG