Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-ors gaz söwdasy näbelli


“Gazpromyň” başlygynyň Aşgabada gyssagly sapary Türkmenistanyň öz gazynyň üçünji bir tarapa alnyp-satylmagyna gadagançylyk girizmek niýeti bilen hem baglanyşdyrylýar.

“Gazpromyň” başlygynyň Aşgabada gyssagly sapary Türkmenistanyň öz gazynyň üçünji bir tarapa alnyp-satylmagyna gadagançylyk girizmek niýeti bilen hem baglanyşdyrylýar.

19-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň arasynda gepleşik geçirildi. Resmi maglumatlara görä, taraplar gaz pudagyndaky uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri maslahat etdiler.

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Milleriň Aşgabada saparynyň netijesinde Türkmenistan bilen Orsýetiň diňe gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň maslahatlaşylanlygy hakda gysga maglumat berildi. “Gazpromyň” başlygy A.Milleriň Türkmenistana wizitiniň boljakdygy barada öňünden resmi maglumat berilmändi.

Orsýet gazetlerinde Milleriň Aşgabada saparynyň gyssagly bolanalygy bellenildi we Türkmenistan bilen Orsýet özara gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardyklaryny bildirensoňlar, “Gazpromyň” başlygynyň Aşgabada saparynyň taraplaryň täze şertnama baglaşmagyna getirip biler diýlip, çak edilipdi.

Aşgabat duşuşygynyň jemleri

GDA institutynyň analitigi Andreý Groziniň pikirine görä, Aşgabatda geçirilen gepleşikler barada berilýän maglumatlaryň çäkli bolmagy gepleşikleriň öňly netije bermänligini görkezýär. Ekspert taraplar arasynda häzir bar bolan iň dawaly meseläniň gazyň nyrhyna baglydygyny aýdýar. “Informasiýanyň ýokdugy, taraplaryň gazyň nyrhy barada ylalaşmanlygyny aňladýar. “Gazprom” we Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän bahalar bir-birine gabat gelmeýär. Türkmenistan öz gazyny has gymmat satmak isleýär, “Gazprom” bolsa ony has arzan bahadan satyn almakçy bolýar. Milleriň bu garaşylmadyk we plandan daşary wiziti onuň taraplar üçin amatly nyrhy ylalaşmak synanyşygy bilen bagly bolmaly” diýip, Andreý Grozin aýtdy.

“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Maýkl Laubş Türkmenistanyň “Gazprom” bilen gepleşikleriniň netijesizligini esasan syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýar: “Meniň pikirimçe, prezident Berdimuhamedow mundan beýläk gaz eksportyny Orsýet üçin amatly şertlerde we pes bahadan ýöretmekçi däldigini Kremle duýdurmak isleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň, gaz söwdasyny has ýokary bahadan Günbatar bazarlaryna çykarmak mümkinçilikleri artýar. Şonuň üçin bu esasan syýasy mesele bolup durýar” diýip, Maýkl Laubş aýtdy.

Özara gas söwdasy taraplary näderejede gyzyklandyrýar?

“Gazpromyň” başlygynyň Aşgabada gyssagly sapary Türkmenistanyň öz gazynyň üçünji bir tarapa alnyp-satylmagyna gadagançylyk girizmek niýeti bilen hem baglanyşdyrylýar. “Gazpromyň” türkmen gazyny Ukraina satmak üçin ulanýanlygyny bellemek bilen “Izwestiýa” gazetinde Aşgabadyň täze şertiniň türkmen-ors gaz gepleşikleriniň çözgüdini ýene-de yza tesdirjegi çak edilýär.

Maglumatda aýdylyşyna görä, Türkmenistan bilen täze şärtnamany baglaşmak meselesiniň uzaga çekdirilmegi belli bir derejede Orsýetiň peýdasyna bolup biler, sebäbi krizis ýagdaýda dünýäde gaza bar bolan islegler çürt-kesik azaldy.

“Gazpromyň” Türkmenistan bilen ozalky ylalaşyklaryna görä, ol ýylyň aýagyna çenli 28 milliard kubometr mukdarda türkmen gazyny satyn almaly we onuň her müň kubometrine 300 dollardan tölemeli. Bu bolsa, Ýewropadaky müşderilerine gazy 250-280 dollardan satýan kompaniýanyň türkmen gazyny satyn almak bilen zyýana galjagyny aňladýar diýip, “Izwestiýa” gazeti belleýär.
“Gazprom” bilen Türkmenistanyň öňe sürülýän bahalary gabat gelmeýär.


GDA institutynyň analitigi Andreý Groziniň pikirine görä, Turkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny dikeltmek meselesi Orsýeti syýasy we geosyýasy bähbitleri nukdaý nazaryndan gyzyklandyrýar: “Diňe geosyýasy we syýasy bähbitler, şeýle-de Türkmenistanyň gaz bazaryndaky aýratyn ornuny saklap galmak ýaly maksatlar göz öňünde tutulýar. Bu ýene bir tarapdan, bäsdeş gaz turbalaryna päsgelçilik döretmek üçin hem edilýär. Ilkinji nobatda bu Günbatar proýektlerine, şeýle-de Hytaýa tarap gaz geçirijisine degişli” diýip, Grozin aýtdy.

Analitigiň pikirine görä, Orsýet bilen gaz söwdasy öz nobatynda Türkmenistany ykdysady taýdan gyzyklandyrýar. Muňa Türkmenistanyň mundan öňki gaz eksportyndan galan maliýe serişdeleriniň gitdigiçe azalmagynyň esasy sebäp bolup durýanlygyny Grozin çak edýär.

Ýaňy-ýakynda habar berlişine görä, Türkmenistan öz gazynyň Orsýet tarapyndan oktýabryň aýagyna çenli satyn alnyp başlanylmagyna garaşýar.

“Roýters” agentliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň aprel aýyna çenli “Gazprom” Türkmenistandan ýylda çak bilen 50 milliard kubometr mukdarda gaz satyn alýardy. Ýurtlar arasynda gaz söwdasy togtaly bäri Türkmenistan her aýda bir milliard dollar çemesi zyýan çekýär.
XS
SM
MD
LG