Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG Owganystanda geçirilen ses berişligiň netijesini tassyklady


BMG-nyň Baş assambelýasy Owganystanda geçirilen saylawlarda galplyklara ýol berilenliginiň aýdylmagyna garamazdan bu ses berlişigiň ynanarlyklydygyny aýtdy.

192-agzadan ybarat guramada tassyklanan bu kararda, Owganystanyň prezidenti Hamid Kerzeýiň hökümetinden ýurtda kanunyň üstünligini döretmegi, korrupsiýa garşy göreşmegi hem-de adalat sistemasynda reformalar geçirmegi talap edilýär.

20-nji awgustda geçirilen saýlawlarda aşa galplyklara ýol berilenligi sebäpli saýlawlaryň 7-nji noýabrda ikinji gezek geçirilmegi barada karar kabul edilipdi.

Emma Kerziýiň esasy bäsdeşiniň bu saýlawlara gatnaşmajagyny yglan etmegi, ikinji gezek häkimiýet başyna geçen prezidentiň abraýyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Emma BMG Kerziýyň mandaty hem-de onuň ýurda ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirmegi bilen bagly hiç hili sorag orta atmady.
XS
SM
MD
LG