Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-nyň baş sekretary aprelde Aşgabatda barar


BMG-nyň baş sekretary Ban Ki Mun 2010-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar diýen maglumaty türkmenistan.ru internet gazeti ýaýratdy.

Maglumata görä, jenap Munyň Türkmenistanyň prezidentiniň adyna Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap iberen hatynda bu barada aýdylýar.

Şeýle hem Ban Ki Munyň Türkmenistana sapary barada şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ylalaşylandygy maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG