Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbeýjanyň 6 esgeri atylyp öldürildi


Azerbeýjanyň Goranmak ministrligi penşenbe güni bir harby bazada bolan wakada alty esgeriniň heläk bolanlygyny mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň maglumatyna görä, bu atyşyk Azerbeýjanyň Ermenistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Daşkesen etrabyndaky bazada bolupdyr.

Goranmak ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylşyna görä, 28-nji ýanwarda iki esgeriň arasynda dörän agzalalyk soňra ýaragly çaknaşyga öwrülipdir. Şonda bazada wezipeli 4 esger heläk bolup, başga-da ikisi ýaralanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Azeri Gullygynyň maglumatyna görä, ölenleriň ählisi harby ofiserler bolup, olardan biri ýerli diwiziýanyň komandiridir.

Şol beýanatda ady agzalýan iki esgeriň soňra özini atyp öldürenligi aýdylýar. Ministrlik ol esgerleriň gaçmaga synanşanlygy üçin atylyp öldürilenligi baradaky habar barada pikir beýan etmekden saklandy.
XS
SM
MD
LG