Sepleriň elýeterliligi

Müsür faraony Tutanhamonyň gyzzyrma keselinden ölendigi aýdylýar


Çikagoly alymlar meşhur müsür faraony Tutanhamon gyzzyrma keselinden ölüpdir diýen netijä geldi.

Müsür hökümdarlarynyň 16-synyň mumyýalary barlananda, Tutanhamony goşmak bilen dördüsiniň gyzzyrmanyň agyr görnüşine sezewar bolandygy anyklandy. Bu açyş bolsa ýaş faraon öldürilendir ýa başga bir keselden ölendir diýen çaklamany ýalana çykarýar.

Hiç kim tarapyndan gozgalmadyk Tutanhamonyň tabydy 1922-nji ýylda tapylypdy. Ol çak bilen, biziň eramyzdan öň 1324-nji ýylda ölüpdir.

Alymlaryň çaklamasyna görä ol aradan çykanda 19 ýaşynda eken.
XS
SM
MD
LG