Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda milli Baýdak baýramy bellenilip geçilýär


Şu gün Türkmenistanda milli Baýdak baýramy bellenilip geçilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu baýramçylyk Saparmyrat Niýazowyň doglan gününe gabatlanylyp girizilipdi.

Her ýyl bu Baýdak baýramynda Niýazowyň doglan gününe örän uly ähmiýet berlip gelnendigine garamazdan, bu ýyl bu baýramçylykda Niýazowyň şahsyýetine üns berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýew Baýdak baýramynyň paýtagtda we welaýat merkezlerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýändigine garamazdan, etraplarda we obalarda muňa kän bir ähmiýet berilmeýändigini habar berdi.

Şu gün bu baýramçylyk mynasybetli prezident Berdimuhamedow ýurdun halkyna ýörite gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG