Sepleriň elýeterliligi

19-njy aprelde merkezi Garagumdaky gaz önümçilik obýektlerine eden saparynyň dowamynda G.Berdimuhamedow baý energiýa ýataklarynyň çalt depginde özleşdirilmegini çylşyrymlaşdyrýan adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmaklyga tabşyryk berip, meseläni çözmekde täze tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny aýtdy.

Merkezi Garagumda içinden ot çykýan atropogen çukurlarynyň ençemesi bar. Suw bilen doldurylanlygyna garamazdan, olaryň düýbünden gaz gaýnap çykýar.

Şu hepde merkezi Garagumdaky gaz ýataklarynyň özleşdiriliş isleri bilen tanyşmagynyň barşynda prezident Berdimuhamedow çölüň merkezinde öňden bar bolan karst boşluklaryndan dynmak üçin ylmy çözgütleriň tapylmalydygyny aýtdy we ol ýerdäki ýerasty baýlyklaryň özleşdirilmegine päsgel berýän anomal ýagdaýlary ýok etmek boýunça ylmy taýdan delillendirilen programmalaryň işlenilip düzülmegine tabşyryk berdi.

Içinden ot çykýan atropogen oýlar näme?

Içi otly guýular, olaryň döremeginiň sebäpleri we tebigata ýetirýän täsiri, şeýle-de olaryň ýok edilmegi netijesinde döräp biljek täsirler barada ýerli habar serişdelerinde hiç hili habar berilmeýär. Emma synçylar bu meseläniň kopçülikde gyzyklanma döredýänligini aýdýarlar.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Döreýän ýangynlaryň, atylyp çykýan fontanlaryň ýa-da bolmasa, ýanýan gazlaryň öňüni almak gowy zat, ýöne ol näderejede ylym bilen baglanyşykly. Sebäbi metbugatda diňe ‘biz ýeňiji, biz, ynha, diňe gowy iş edýäris’ diýen ýaly habarlar gidýär. Emma ol işler näme üçin edilýär, haýsy problemalar öňde dur, haýsy problemalaryň indi döremegi mümkin - ine, şu zatlar barada metbugatda hiç zat aýdylanok”.

Energiýa meseleleri boýunça türkmenistanly başga bir bilermeniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Garagumda içi otly guýularyň emele gelmeginiň gaz önümçiligine baglanyşygy bar. Käte gazly skwažina deşilende döreýän çüwdürimler sebäpli emele gelen boşluklary suw doldurýar. Bu bolsa ýerasty gatlaklarda gazyň ýygnanmagyna sebäp bolýar.

Şeýle boşluklardan biriniň 1971-nji ýylda skwažinany deşilip, emele gelenligi “Roýters” agentiliginiň maglumatynda hem bellenilýär. Giňligi çak bilen 60 metrlik we çuňlugy 20 metrlik bu guýudan çykan gazy sowet geologlarynyň ýakmagy netijesinde onuň şu günki güne çenli hem ýanýanlygy aýdylýar.

Energiýa meseleleri boýunça türkmenistanly bilermen şeýle guýulary ýok etmek üçin ençeme ylmy usullaryň bardygyny belledi, emma çäreleriň ýokary derejeli spesialistleri we uly maliýe çykdajylaryny talap edýänligini aýtdy.

Garagumdaky nebit-gaz önümçiligi we onuň täsirleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýanyp duran suwly gaz guýularyny gömmek karary Türkmenistanyň gaz eksportynyň möçberini artdyrmak islegi bilen baglanyşdyrylýar. Hususan-da, “Solar energy charity” energiýa guramasynyň internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatda ýanyp duran guýularyň gaza baý Garagum çölüniň ortasynda gaz önümçiligine päsgelçilik döredýänligi bellenilýär.

Şol bir wagtda-da, bilermenler Garagum çölüniň merkezindäki gaz gorlarynyň aýry-aýry kiçeňräk ýataklardan emele gelýänligini-de belleýärler.

Energiýa meseleleri boýunça türkmenistanly bilermen merkezi Garagumdaky gaz ýataklarynyň ortaça hasap bilen 10-12 milliard kubometr gazy öz içine alýandygyny we bu ýataklary özara birleşdirýän gaz-transport sistemasyny gurmak arkaly bu gazy ulanmagyň mümkindigini aýdýar. Emma, bilermeniň pikiriçe, beýle proyektden alynjak girdeji bu gurluşygyň çykdajylaryny göwnejaý ödäp bilmez.

Türkmnenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Garagumda soňky döwürde geçirilen işleriň, şol sanda, Türkmen kölüniň gurulmagy bilen bagly çäreleriň we nebit-gaz önümçiligine degişli alnyp barylýan işleriň tebigata ýaramaz täsir ýetirmek howpunyň hem alada döredýänligini belledi.

“Garagumyň içinde batgalyklar emele geldi. Himikatlar sebäpli ýerasty suw ýokary galyp, oňki süýji suwly guýular ajap ugrady. Bu çölüň ösümlik dünýäsine hem erbet täsirini ýetirip ugrady. Onuň daşyndan Garagumda nebit-gaz gözlegi sebäpli her günde näçeläp maşynlar geçýär, näçeläp tehnika goýulýar. Umuman, Garaguma aýawsyz çemeleşilýär” diýip, A.Bugaýew belledi.
XS
SM
MD
LG