Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Pikassosy ýa-da dünýäni özüçe duýan ýürek


Abstrakt ýolundan işlän türkmen hudožnigi Tokar Tugurow
Abstrakt ýolundan işlän türkmen hudožnigi Tokar Tugurow
«Tebigatyň gutaran ýerinde, sungat başlanýar»
Oskar Waýld


Ol özüniň haýsydyr başga bir şahsyýete deňelmegini halamaýardy. Ol abstrakt ýolundan işleýän türkmen hudožnigi – Tokar Tugurow bolup galmagy isleýärdi. Muňa onuň doly haky bardy.

Tokar Tugurow hakyky hudožnikdi. Onuň döredijiligi Günbatar sungatynyň ýolunda kemala gelipdi. Ol hemme zadyň edil öz sungata ýugrulan ýüreginiň duýşy ýaly bolmagyny isleýärdi. Haçan-da ondan interwýu alanlarynda: «Мen suratkeş däl, men hudožnik» ýa-da «Men surat çekemok, men sungat eserini döredýän. Surat çekmek bir, sungat döretmek aýry zatdyr» diýerdi. Dogrudan-da, Tokar Tugurow surat çekmän, aslynda sungat eserini döredýärdi.

Aramyzdan gidenine köp wagt geçmedigem bolsa, meniň göwnüme, uzak ýyllar geçen ýaly görünýär. Sebäbi biz günde diýen ýaly görşerdik, bile pikir ederdik. Ol ussahanasyna hepdäniň bazar günlerem, gyşyň aýazly wagtlaram gelerdi. Sowukdan ýaňa reňkleri gatap duran hem bolsa, egnine gat-gat eşik geýnip, döreden işlerine seredip oturardy. «Sowukda gelmeseň bolmaýarmy?» diýsem, ýylgyryp, gapdalynda duran kitap tekjesine barmagyny çommaldardy. Ol ýerde iri hatlar bilen ýazylan, belli rus şahyry Boris Pasternagyň «Gije» diýen goşgusynyň şeýle setirleri bardy:

Oýan, oýan, hudožnik,
Uka berilme,
Bakyýetde zamunsyň,
Panyda ýesir.


«Şu setirler meniň işlemegime uly goldaw berýär. Çünki Boris Pasternak maňa Gurbannazar Ezizow ýaly ruhy taýdan ýakyn şahsyýet» diýip, Tokar ümsüm oturyp, pikir derýasyna çümerdi. Käte bu ümsümlik uzak wagta çekerdi.

Tokar aga menden köp ýaş uly hem bolsa, men oňa deň-duşum ýaly Tokar diýip ýüzlenerdim. Sebäbi biziň dünýägaraýşymyz ýakyn bolansoň, bir-birimiziň uly-kiçiligine-de kän bir üns bermezdik. Ol kä günler, belli bir sebäplere görä ussahana gelip bilmedik wagtlary, özüni agyr, ýadaw duýardy. Şonuň üçin Allanyň beren gününi ol ussahanasynda geçirenini kem görenokdy. Ömrüniň iň soňky pursatynam Tokar şol ýerde garşylapdy.

Ol «Hudožnik durmuşda däl, sungatda azat ýaşaýar» diýen taglymata uýýardy. Oňa berk ynanýardy. Onuň döreden eserleri-de öz köklerini şol taglymatdan alyp gaýdýardy.

Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.

Dowamy bar
XS
SM
MD
LG