Sepleriň elýeterliligi

Inçe sungat we gödek ideologiýa


Gurbannazar Ezizow bilen Tokaryň garyndaş bolmagy, ýaňy döredijilik ummanyna giren hudožnigiň sungatyň içki syrlaryna aralaşmagyna täsir edipdir.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda Tokar Tugurow abstraksiýa dünýäsine uýgunlaşýar. Tokaryň sungatda abstraksiýa ýoluna gönükmegine şahyr Gurbannazar Ezizowyň we kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijilikleri itergi beripdir. Gurbannazar Ezizow bilen Tokaryň garyndaş bolmagy, ýaňy döredijilik ummanyna giren hudožnigiň sungatyň içki syrlaryna aralaşmagyna täsir edipdir. Ol Ezizowyň goşgularyny diňläp, ony hyýalynda dürli şekillere geçiripdir. Tokar özüniň ilkinji abstrakt işlerinem Ezizowa görkezipdir. «Şahyryň, işleriňe beren bahalary nähilidi?» diýip soranymda, Tokar çalaja ýylgyryp, «Gurbannazar maňa bajam diýerdi. Şol gezegem işlerimi görüp, «Aý, bajam, seniň şu işleriň gaty täsin. Ony maňa düşündirmegem kyn. Sen, ýadaman, dowam ediber, bir döwür geler, seniň işleriňe-de düşünerler. Gel, gowusy men saňa şu işleriň arasynda bir goşgy okap bereýin-le» diýip:

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz – özümiziň zergärmiz
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.


-diýerdi. Ine menem şol Gurbannazaryň aýdan pikirlerinden ugur alyp, üstümde işläp ýörün» diýip, Tokar ýatlamasyny jemledi.

Köp zady bilesim gelensoň, öz soraglarym bilen men ony ýatlamalar ummanyna iterýärdim. «Gurbannazar Ezizowyň ýogaldy habaryny nähili garşylapdyň?» diýenimde, Tokaryň gözleri çygjaryp gitdi. Ony ýatlamak oňa agyr degse-de, gürrüň bermegi dowam etdirdi. «Men Pribaltikada, ýaş döredijilik işgärleriniň dynç alyş öýünde geçiriljek sergä taýýarlanyp ýördüm. Ine, bir günem maňa telegramma gowşurdylar. Men ol ajy habary eşidip, Türkmenistana barynçam, Gurbannazary eýýäm ýere beripdiriler. Biz, dostlary, onuň gubrunyň başujynda daşdan ýadygärlik goýduk. Mazar daşynyň ýüzünde-de şahyryň «Topragym» goşgusyndan şeýle setirler bardy:

Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim Hudaýa şükür.


Gurbannazar Ezizowyň mazary (Suraty ulaltmak üçin üstüne basyň)
Birnäçe gün geçensoň, Türkmenistan Kompartiýasynyň şol wagtky ideologiýa işleri boýunça 3-nji sekretary Maýa Mollaýewa Gurbannazaryň mazar daşyndaky şol setirleri aýyrmagy talap etdi. Nämememiş, ýadygärlikde «Hudaý» sözi ýazylmaly dälmiş. Şonda biz daşyň ýüzündäki ýazgyny mejbury çalyşmaly bolduk. Biz öňki setirleriň üstünden wagtlaýynça Gurbannazaryň başga setirlerini ýerleşdirdik. Şol setirler häzir onuň başujundaky daşyň ýüzünde durandyr
» diýip, Tokar şahyr hakyndaky gürrüňini jemledi.

Maýa Mollaýewanyň döredijilik intelligensiýasyna azar ýamanyny berenligi baradaky gürrüňleri men öňem köp eşidipdim. Ol häzirem aýatda, hars urup Türkmenistanyň Döwlet arhiwiniň ýolbaşçysy we prezidentiň ýanyndaky Döredijilik işleri boýunça komissiýanyň agzasy bolup işleýär. Kompartiýa bolmasa-da, "Dempartiýa" gulluk edýär. Köp adamlar ýaly, öz wagtynda Tokaram döredijilik ýolunda bu kommunist zenanyň zäherini datmaly bolýar...

1984-nji ýylda Tokar 40 ýaşynyň dolmagy mynasybetli döreden işleriniň sergisini geçirmäge taýýarlanýar. Serginiň açylmagyna iki gün galanda Maýa Mollaýewa diwarda asylgy işleri görüp, olaryň birnäçesiniň sergiden aýrylmagyny talap edýär. Görkezmek gadagan edilen işleriň hemmesi buržuaz, Günbatar ideologiýasynyň täsiri astynda döredilen eserler diýlip aýyplanýar. Şol işleriň arasynda hudožnigiň Gurbannazar Ezizowa bagyşlap döreden «Şahyryň ölümi» atly eseri-de bar eken. Bu işiň sergiden aýrylmagy Tokara gaty agyr degýär. Tokar: «Ol işiň ilkinji ady «Tabyt» bolmalydy» diýip ýatlapdy. Ine, garamtyl gök we ýaşyl reňkler bilen edilen uly göwrümli şol iş meniň ýanymda. Bu işe seretdigiňçe, seni gussa gaplaýar, ol seni täsin güýç bilen özüne çekýär.

Emma şahyryň biwagt ölümine bagyşlanan bu ajaýyp iş Maýa Mollaýewa ýaly bütin süňňi bilen totalitar ideologiýa ýugrulan häkimiýet wekilleriniň gözüne, elbetde, ýat sungat bolup görnüpdir. Türkmen sungatynyň ykbalynyň şu günki gün hem şeýle çäkli düşünjeli, dar gözýetimli, çemeçil adamlara ynanylmagy, heý, heňe geljek zatmy?! Eýse, bu sungaty kemsidenokmy?

Berdimyrat Batyrow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy.

Dowamy bar

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG