Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde şahtada ölenleriň sany 47-ä etdi


Rus resmileri Sibirdäki kömür käninde bolan partlamalardan ölenleriň sanynyň azyndan 47-ä ýetendigini, 43 şahtaçynyň bolsa şindem tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Premýer ministr Wladimir Putin Kemerowadaky Raspadskaýa kömür känine geldi.

Bu kömür käni Moskwadan 3 müň km gündogarda ýerleşýär.

Şenbe güni giçlik şahtada ilkinji partlama bolanda ýer astynda 350-den gowrak şahtaçy işleýän eken.

Şahtaçalyryň köpüsi ýer astyndan çykyp ýetişdi, ýöne ikinji partlama pidalara kömege gelen halas ediş işgärleriniň öňüni baglady.
XS
SM
MD
LG