Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistana 500 million dollarlyk ýardam berer


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Pakistanda 500 million dollara barabar bolan proýektleriň amala aşyryljakdygyny yglan etdi.

Klinton bu ýardamyň maksadynyň ABŞ-nyň Pakistan bilen diňe terrora garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk etmek isleýänligi barada ilat arasyndaky ýalňyş düşünjäni aradan aýyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

“Men ABŞ-nyň Yslamabat boýunça öňde goýýan maksadynyň diňe howpsuzlyga gönükdirilendigi barada Pakistanda ilat arasynda ýalňyş düşünjäniň bardygyny bilýärin” diýip, Klinton aýtdy.

“Emma, hakykata garanda, biziň Pakistan bilen hyzmatdaşlygymyz howpsuzlygyň has ötesine geçýär. Bu hyzmatdaşlyk ykdysady, bilim, medeni, syýasy, taryhy gatnaşyklary, hatda maşgala gatnaşyklaryny hem öz içine alýar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Klinton nygtady.

“Şeýle ýalnyş pikirleriň döremegi biziň bu gatnaşyklary halkyň gündelik durmuşyna täsir etjek derejede ornaşdyryp bilmändigimiz bilen baglydyr. Şu günki başlanan gepleşikler arkaly bu ýalňyş düşünjäni aradan aýyrmak üçin tagalla etjekdigimizi aýdasym gelýär” diýip, Klinton belledi.

Klinton tarapyndan yglan edilen proýektler energiýa we saglyk pudaklaryny öz içine alýar. Bu ýardam geljek 5 ýylyň dowamynda Waşingtonyň Pakistana bermegi göz öňünde tutýan 5 milliard dollarynyň bir bölegidir.

Bu waka Pakistan bilen Owganystanyň arasynda söwda boýunça gelnen ylalaşygyň yzýanyna gabat geldi. Bu ylalaşyk Owganystanyň Pakistanyň portlaryndan peýdalanmagyny ýeňilleşdirýär.

Şol ylalaşyga gol goýmak dabarasyna Klinton hem gatnaşdy. Oňa ýekşenbe güni paýtagt Yslamabatda gol çekildi.
XS
SM
MD
LG