Sepleriň elýeterliligi

Ors ilçihanasy ABŞ-nyň Döwlet departamentine nota ugratdy


Russiýa Federasiýasynyň Waşingtondaky ilçihanasy ABŞ-nyň Döwlet departamentine nota ugradyp, onda Orsýetiň uçarmany Konstantin Ýaroşenkonyň Liberiýada saklanmagy bilen bagly nägilelik bildirdi.

Interfaks agentliginiň orsýetli uçarmanyň aklawçysyna salgylanyp ýazmagyna görä, Ýaroşenko amerikan ýörite gulluklarynyň işgärleri tarapyndan baryp 28-nji maýda Liberiýanyň paýtagty Monrowiýada saklanypdyr we ABŞ-a alnyp gidilipdir.

Orsýetiň Nýu-Ýorkdaky baş konsuly Andreý Ýuşmanowyň sözlerine görä, Ýaroşenkonyň saklanandygyny ors tarapy uçarmanyň garyndaşlaryndan bilip galypdyr.

Ýaroşenkony neşe söwdasyna gatnaşykda aýyplaýandyklaryny günbatar agentlikleri habar berýär.
XS
SM
MD
LG