Sepleriň elýeterliligi

Oşda 1,500 töweregi adam demonstrasiýa geçirdi


Şu gün Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde ýurduň hökümetiniň bu regiona daşary ýurtly polisiýa synçylaryny getirmek baradaky planlaryna protest bildirip, 1 müň 500 töweregi adam demonstrasiýa geçirdi.

Protestçiler Oşyň merkezi şäher meýdançasyndan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bu şäherdäki edarasynyň ýerleşýän ýerine tarap ýöriş geçirdiler.

Geçen hepde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy özüniň 52 sany kanun goraýjy spesialistini gözegçi hökmünde Gyrgyzystanyň günorta regionyna ýollamak barada bu ýurduň hökümeti bilen ylalaşyga gelipdi.
XS
SM
MD
LG