Sepleriň elýeterliligi

Klinton: "ABŞ bütin dünýädäki dini azatlyklary goraýar"


ABŞ Eýrandaky dini azlyklaryň yzarlanmagy bilen bagly uly alada bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bu barada 12-nji awgustda eden çykyşynda Eýrandaky bahaýy dini mezhebiniň 7 agzasynyň 20 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy.

Hillary Klinton ABŞ-nyň bütin dünýädäki dini azatlyklary goraýandygyny, şol sanda eýranly bahaýylaryň hem goragynda durjakdygyny aýtdy.

Bahaýy hereketiniň liderleri 2008-nji ýylyň maý aýynda Eýranda tussag edildiler. Olara içalyçylyk, korrupsiýa, yslam dinini kemsitmek we Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly aýyplamalar bildirilipdi.
XS
SM
MD
LG