Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Pakistan hyzmatdaşlygy maslahat edilýär


Şu gün Yslamabatda türkmen-pakistan hökümetara komissiýasynyň ikinji maslahaty başlandy. Bu maslahatdan nähili möhüm netijä garaşyp bolar?


24-25-nji awgustda Yslamabatda geçirilýän bu çärä gatnaşýan türkmen delegasiýasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň we Pakistanyň bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň Yslamabatda geçirilýän maslahatynyň gün tertibinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisi boýunça proýektiň durmuşa geçirilmegine degişli meseleler esasy orun eýeleýär.

Yslamabatdaky maslahatda gazgeçirjiniň gurulmagyna degişli jikme-jik meselelere garaljagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministry Raşid Meredow 20-nji awgustda hökümet maslahatynda habar beripdi.

Mümkinçilikler we päsgelçilikler

Soňky döwürde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisine üns hasam güýçlendi. 12-nji awgustda Türkmenistan bu gazgeçirijisi arkaly türkmen gazynyň söwdasy boýunça ýylyň aýagyna çenli taraplar bilen ylalaşyk baglaşmaga taýýardygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 14-nji awgustda ýaýradan resmi beýannamasynda häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisini gurmak işleriniň başlananlygyny yglan etdi. Resmi beýannamada gazgeçirijiniň sosial-ykdysady bähbitlerden daşgary-da, regionyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.

Şu günki gün proýektiň öňündäki päsgelçilikler barada aýdylanda synçylar howpsuzlyk problemasy bilen birlikde proýekte gatnaşýan taraplaryň arasyndaky syýasy gapma-garşylyklary hem belleýärler.

Energiýa meseleleri boýunça pakistanly analitik Ikram Hotiniň bellemegine görä, hususan-da, Pakistanyň we Hindistanyň arasyndaky özara ylalşyksyzlyklar päsgelçilik döredýär, proýektiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ähli taraplaryň gatnaşmagyny talap edýär. Pakistanly bilermeniň pikirine görä, proýekt boýunça ylalaşyga gelinmegi taraplaryň ählisini kanagatlandyrýan şertleri özara işläp düzmek ukybyna bagly bolar.

4-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiirjisiniň proýekti boýunça syýasy konsultasiýalar we yz ýany proýekt boýunça tehniki toparyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu çäreler turbanyň gurluşygy barada ylalaşygy taýýarlamak meselesine bagyşlandy.

Syýasy analitik Artýom Ulunýan Türkmenistanyň soňky döwürde proýekte ünsi hasam güýçlendirmeginiň sebäbini ykdysady bähbitlerden daşgary ýurduň syýasy maksatlaryna-da baglaýar. Syýasy bilermen proýekte gatnaşýan döwletleriň çylşyrymly özara gatnaşyklary we syýasy problemalary nazara alnanda, proýektiň başa barmagy regionyň durnuklaşmagyna itergi berer we Türkmenistanyň halkara sahnasyndaky abraýyny güýçlendirer diýip hasaplaýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň geljegine 29-30-njy awgustda Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda-ykdysady hem tehniki hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komissiýasynyň maslahatynda hem garalmagyna garaşylýar. Kabulda geçiriljek bu maslahatyň ähmiýeti barada Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň 23-nji awgustda geçiren telefon gurüňdeşliklerinde-de aýratyn durlup geçildi.

Elektrik togunyň eksporty

Yslamabatdaky maslahatda Türkmenistanyň elektrik toguny Pakistana eksport etmek mümkinçiliginiň hem geňeşiljekdigi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Türkmenistanyň elektrik toguny Pakistana eksport etmek üçin Mary elektrostansiýasyndan 500 kw kuwwatly ýörite liniýalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik toguny eksport etmek üçin iri regional proýekti işläp düzmek barada president G.Berdimuhamedow 9-njy awgustda öz hökümetine görkezme beripdi.

Pakistanly bilermen Ikram Hotiniň bellemegine görä, senagat taýdan güýçli depginde ösýän Pakistan energiýa çeşmelerine gitdigiçe uly zerurlyk duýýar. Bu zerurlyk bolsa öz gezeginde elektrik toguna degişli proýektleriň hem amala aşyrylmagyna amatly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik toguny Owganystana, Eýrana, Türkiýä we Täjigistana eksport edýär.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, 24-25-nji awgustda Yslamabatda geçirilýän türkmen-pakistan hökümetara komissiýasynyň ikinji maslahatynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, oba-hojalyk we saglygy saklaýyş ýaly ugurlary boýunça-da maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG