Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament žurnalistiň ölümi boýunça Belarusa çagyryş etdi


Şu gün Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Jerzi Buzek Belorusyň häkimiýetlerini tanymal žurnalist Aleh Býabeniniň syrly ölüminiň sebäplerini anyklamak boýunça düýpli derňew geçirmeklige çagyrdy.

Žurnalist Býabeniniň döreden «Çarter97.org» saýty ýurduň hökümeti barada ýiti tankydy materiallary bilen tanalýan saýtlardan biri hasaplanylýar.

Şu geçen anna güni Aleh Býabeniniň jesedi Minsk şäheriniň etegindäki öz daçasynda syrtmakdan asylgy ýagdaýda tapylypdy.

Belorusyň prokuratura işgärleri žurnalistiň jesedini öwrenmek boýunça geçirilen barlaglaryň onuň özüni asyp öldüren bolmagynyň mümkindigini görkezýändigini aýtdylar.

Ýöne Aleh Býabeniniň ýakyn dostlary we egindeşleri onuň özüni asyp öldürmegi üçin hiç hili esasyň bolmandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG