Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada mafiýa toparynyň iň täsirli wekili atyldy


Geçen agşam Moskwada jenaýatçy toparlaryň arasynda “Ded Hasan” ady bilen tanalýan 73 ýaşly kanuny ogry Aslan Usoýan atyldy.

Ol Moskwanyň keselhanasynda operasiýa edildi. Onuň operasiýadan soňky ýagdaýy häzirlikçe aýdylmaýar.

Aňtaw komitetiniň resmi wekli Wladimir Markine salgylanyp, Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, hadysa Moskwanyň merkezinde, Usoýanyň ýaşanan öýüniň alnynda bolupdyr.

Usoýan öz janpenasy bilen gapysynda maşynyny goýup, öýüne ugranynda, ony uzakdan atypdyrlar.

Deslapky maglumata görä, ok snaýper tüpeňinden atylypdyr.

Usoýan Orsýetde hereket edýän mafiýa toparynyň iň täsirli wekili bolup, birnäçe jenaýatçy topara ýolbaşçylyk edýän eken.
XS
SM
MD
LG