Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan saýlawlary bilen bagly 3000 şikaýat geldi


Owganystanyň saýlaw komissiýasy geçirilen parlament saýlawlary bilen bagly 3 müňe golaýy şikaýatyň gelendigini habar berdi.

Bu komissiýanyň wekilleriniň biri Ahmad Ziýa Rahat bu şikaýatlaryň esasan saýlawlaryň geçiş prosessine degişlidigini mälim etdi.

Saýlawçylaryň arz-şikaýatlarynyň 21-nji sentýabr güni agşama çenli kabul ediljekdigi habar berilýär.

Ýerli hem halkara synçylary 18-nji sentýabrda Owganystanda geçirilen parlament saýlawlaryna ýokary baha berdiler.
XS
SM
MD
LG