Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda yslam pitneçisi diýlip güman edilýän 5 adam öldürildi


Täjigistanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň alyp barýan giň möçberli operasiýasynyň dowamynda yslam gozgalaňçylary diýlip güman edilýän 5 adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Operasiýa Raşt etrabynda geçirilýär. Bu ýerde 19-njy sentýabrda täjik harbylarynyň maşyn kerwenine näbelli adamlar hüjüm etdiler. Wakada 25 harby heläk boldy.

Hüjümçilere 1992-1997 ýyllar aralygynda Täjigistandaky graždan urşunda söweşen Molla Awdyllonyň ýolbaşçylyk edýändigi çak edilýär.

Hüjümçileriň arasynda Owganystandan, Pakistandan we Çeçenistandan gelen gozgalaňçylaryň bardygyny Täjigistanyň Goranmak ministrligi çak edýär.

Täjigistanda 19-njy sentýabrda ýüze çykan bu ganly waka bilen bagly Türkmenistanyň prezidenti täjik liderine gynanç hatyny ýollady.
XS
SM
MD
LG