Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana saparyna başlady


Şu gün Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow Türkmenistana resmi saparyna başlady.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident Karimow Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirer. Olar söwda, ykdysady we medeni hyzmatdyşlyk barada maslahat ederler.

Bu gepleşiklerden soňra birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyga gol goýlar diýlip garaşylýar.

Iki ýurduň prezidentleri Daşoguz welaýatynda geçýän türkmen-özbek Dostluk festiwalyna hem gatnaşarlar.

Özbegistanyň Döwlet statistika gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2008-2009-njy ýyllar aralygynda türkmen-özbek söwda dolanşygy 39% ýokarlanyp, 191 milion amerikan dollaryna deň boldy.

Bu görkeziji 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda 2009-njy ýyla garanda 15.6% peselip, 78.6 milion amerikan dollaryna barabar boldy.
XS
SM
MD
LG