Sepleriň elýeterliligi

Stambul partlamasynda azyndan 32 adam ýaralandy


Resmiler düýn janyndan geçen bombaçydyr öýdülýän biriniň Stambulyň Taksim meýdançasynda özüni partladyp, azyndan 32 adamy ýaralandygyny aýtdylar.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Türkiýäniň NTW telekanaly janyndan geçen bombaçynyňkydyr öýdülýän jesediň partlama bolan ýeriň golaýynda, üsti gazet bilen örtülgi halda tapylandygyny aýtdy.

Stambulyň gubernatory Huseýin Awni Mutlu bu hüjümde 15 polis ofiseriniň we 17 graždanyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Emma diňe 9 adam hassahana ýerleşdirilipdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz boýnuna almady.
XS
SM
MD
LG