Sepleriň elýeterliligi

Ýenjilen žurnalist Beketow Moskwada proteste çykdy


Beýnisine zeper ýeten we maýyp arabasyna baglanan rus žurnalisti Mihail Beketow ýekşenbe güni Moskwada žurnalistlere garşy ýaýbaňlanan hüjüme Kremliň jogap bermegini talap edýän protestçilere goşuldy.

Beketow Moskwanyň etegindäki Himkide çykýan gazetiň esaslandyryjysy we redaktorydy. Ol ýerli tokaýyň içinden uly ýol çekilmegine garşy kampaniýa gurnapdy.

Beketow 2008-nji ýylda gazaply ýenjilende onuň beýnisine zeper ýetdi we ol şondan bäri gepläp bilmeýär.

Beketowyň aklawçyçsy Andreý Stolbunow žurnalistleriň korrumpirlenen resmileriň esasy nyşanasyna öwrülendigini aýtdy.

Şu aý žurnalist Oleg Kaşiniň we tebigaty goraýjy Konstantin Fetisowyň rehimsiz ýenjilmegi käbirleri tarapyndan Himki tokaýynyň üstünde barýan dawa bilen baglanyşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG