Bu migrantlardan 80 milliony iş emigrantlarydyr. Öz ýaşaýan ýurduňdan mejbury daşary ýurtlara çykmagyň köp sebäpleri bar. Ol esasan syýasy, etnik durnuksyzlyk, uruşlar, sosial we beýleki problemalar bilen bagly.
Eýsem, Türkmenistanly migrantlaryň, ylaýta-da zenanlaryň köpçülikleýin daşary ýurtlara ýa-da ýurduň içinde bir regiondan beýleki regiona gitmeklerine nämeler sebäp bolýar?
Durmuşa çykanyna 10 ýyl bolan 35 ýaşly Mahym Orsýete iş migranty bolup gitmeginiň sebäbini şeýle düşündirdi: “Adamym keselli, agyr işe ýaramaýar. Üç çagam bar, ikisi okuwçy. Adamym öý işlerine, mal-gara, çagalara seredýär. Gazanç üçin gitmeli boldum”.
Daşoguzdan Aşgabada iş gözläp gitmäge mejbur bolşy barada iki çagaly, adamsy türmede oturan Aýgül öz ýagdaýy barada şeýle diýdi: “Men şu wagt Aşgabat şäherine türk gurluşyk firmasynda işlemäge geldim. Iki çagam bar. Adamymam häzir türmede. Gelenimiňem sebäbi - iki çagamy eklemeli, adamymyň yzyndan gatnamaly. Obada iş bolmansoň geldim” .
Häzir Türkiýede işleýän aşgabatly zenan Olýanyň adamsy ýok, ýeke çagasyny özi eklemeli, onuň ene-atasy-da işsiz. Şonuň üçin olaryň birek-biregi goldamaga, birek-birege ýardam etmäge ýagdaýlary ýok. Daşary ýurda migrasiýa çykmakdan başga çäre-de ýok. Orsýete gitmek Türkiýä gitmekdenem kyn. Türkiýä gelmek biraz arzan diýip, Olýa aýdýar.
Iş şertleri agyr
Eýsem, zähmet migrasiýasyna gidýän zenanlaryň iş şertleri nähili? Moskwada işläp, Türkmenistana dolanyp gelen Mahym bu barada şeýle gürrüň berdi: “Orsýetde gurluşyk firmasynda işledim. Moskwada türk firmasynyň naharhanasynda gap-gaç ýuwýançy boldum. Naharhanada 500 töweregi işçi naharlanýardy, şolaryň gap-gajyny ýuwup ýetişmeli. Uzyn gün aýak üstünde, şeýle bir ýadaýarsyň, lütüň çykýar”.
Aşgabatda türk firmasynda işlän Aýgül hem öz iş şertleriniň mundan öwerlik däldigini aýtdy. Ol bu barada: “Sement, daş, hemme zat daşaýarys. Agyram bolsa, şoňa döz gelip, işleýäris. Iş şertleri agyr, ýoldaşym ýa-da çagalar gürleşmek üçin bäş minut jaň etseler hem, şolar bilen gürleşmäge-de wagt berenoklar: işlemeli, ýene-de işlemeli. Içmäge suwam gaýgy şo taýda” diýip, gürrüň berdi.
Ýurduň içinde hem daşynda zähmet çekýän zähmet migrant zenanlary iş prosesinde başga-da kynçylyklaryň az däldigini aýdýarlar.
Moskwada işläp gelen Mahym şu mesele barada durup geçip: “Firmada işleýän erkek adamlar maňa ýaman göz bilen seredýärler. Olaryň pikiriçe, men aýal bolsam, özümem daşary ýurda çykan bolsam, men hemme işi ediberýän ýeňil aýal diýip garaýan ýaly” diýýär.
Sözüni dowam etdirip, Mahym: “Bir gezek bir türk emeldary meni ýeňiljek bir işe geçirmegi wada etdi. Ony öz oglanlarymyzyň biri maňa habar berdi. Barsam, kabinetinde meni başdan-aýak gözden geçirdi. Gözüni oýnakladyp, synlap, şol türk maňa häzirkimden iki esse köp hak ýazjagyny aýtdy. Ol adamyň bolşy maňa ýakmady, onda-da derrew çykyp gaýtmakdan gorkdum, işsiz galarmykam öýtdüm. Men ondan näme etmelidigimi soradym. Ol güldi, 'hiç zat' diýip, elimden tutjak boldy. Elimi çekip alyp, beýle işleri başarmaýanymy aýdyp, çykyp gaýtdym. Ýatýan jaýyma gelip, aglap, içimi sowatdym” diyip, gürrüň berdi.
Türkmenistanda-da ýagdaý şeýle...
Şeýleräk ýagdaýy Aşgabatdaky türk firmasynda işlän iki çaganyň enesi Aýgülem başdan geçiripdir. Ol bu barada şeýle diýdi: “Öň aýal brigadiriň elinde işläpdik. Şu wagtky erkek adam eken. Agam ýaly oglan diýip, başda ünsem bermedik. Äriň ýok bolsa, ol başgaça garaýar aýal maşgalalara. Onuň ýaly iş üçin gelmänimizi düşündirjek bolsak, gepiň gysgasy, ol üstümizden güljek, aýal maşgalany depelejek bolýar”.
Aýgülüň sözlerine görä, işe ýerleşmekde, ýaşamak üçin kireýine jaý tapmakda uly kynçylyklar bar. Aýgül, hernäçe kynam bolsa, adamsy türmeden çykyp gelýänçä, iki çagany eklemek üçin dürli kynçylyklara döz gelmeli boljakdygyny aýtdy.
Gazanç üçin zenanlaryň başga ýurtlara gitmeginin Türkmenistanda kän bir oňlanylmaýandygyny hem käbir türkmenistanlylar gürrüň berýärler.
Mysal üçin, obada ýaşaýan Mahym: “Her kim bir zat diýýär. Ýöne, esasan, köpçülik oňlanok. Oňlamasa nädeýin, maşgalama bir ýerden girdeji girmel-ä. Çagalarymy iýdirmeli, geýdirmeli, olara okuw esbaplaryny alyp bermeli. Hojalyk üçin zerur bolansoň, adamym hem gidip işlänime garşy bolup duranok. Ýagdaý gowy bolanlygynda ol meni hiç ýere goýbermezdi. Käwagtlar ol toý-poýdan az-owlak içip gelse, ‘Seni iberjek däl, obada başymy dik göterip gezip bilemok’ diýip, iňirdeýär” diýip, öz ýagdaýyny suratlandyrdy.
Gara gyş sowlup, bahar gelse, gazanç etmek üçin ýene Moskwa gidip gitmejekdigi bilen gyzyklanamyzda, Mahym özüniň zähmet migrasiýasyna gitmekden gaty ýadandygyny aýtdy.
Ol bu barada şeýle diydi: “Gaty ýadadym, onsoňam çagalarym bärde hor bolýar, adamym öýde bolany bilen, erkek erkek-dä. Maşgalada aýalyň ornuny hiç bir erkek tutup bilmez. Soňky sapar gidenimde kiçi gyzym erbet keselläpdir. Çaga meni göresi gelip, gije boýnumdan gujaklap uklaýar. ‘Eje, indi gitmesene’ diýýär. Düýşünde-de şu zatlar barada samraýar. Çagamy kyn günde goýanyma ýüregim gyýlyp, aglaýanam käwagt. Başarsam, ýazda fermerden ýer alyp, daýhançylyk etjek, bir göläm, üç goýnum bar. Olary eklärin, indi çagalaryň ýanynda boljak, gitjek däl”.