Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze karar sorag döretdi


Türkmenistanyň Nebit-gaz we mineral serişdeleri ministrligi
Türkmenistanyň Nebit-gaz we mineral serişdeleri ministrligi

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentligi Londondaky wekilhanasyny ýapýar. Prezident G.Berdimuhamedow ýakynda bu baradaky karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky bu nebit-gaz weikilhanasyna prezidentiň giýewsi ýolbaşçylyk edýärdi. Wekilhana näme sebäpden ýapylyp bilner?

Resmi maglumatlarda G.Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky wekilhanasyny ýapmagynyň sebäbi agentligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we onuň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşdyrylýar.

Emma käbir garaşsyz synçylar Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň ýapylmagynyň başga sebäpleriniň hem bardygyny çak edýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin üç ýyla golaý wagt bäri işleýän wekilhananyň işiniň anyk netijesiniň göze ilmeýänligini aýdýar. Ol ýangyç-energiýa pudagy Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi, emma ony reformirlemek boýunça hökümetiň yglan eden çäreleri talabalaýyk netije berenok diýýär.

Prezidentiň garyndaşlygy

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky nebit-gaz weikilhanasy prezident G.Berdimuhamedowyň giýewsi Döwlet Atabaýewiň ýolbaşçylygynda işläp gelipdi.

Atabaýewiň ady ýakynda “WikiLeaks” internet saýtynda hem çap edilen Türkmenistana degişli maglumatlarda agzalypdy. Hususan-da, amerikan diplomatlarynyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatdan ýollan hatlarynyň birinde Döwlet Atabaýewiň işine degişli içerki derňewleriň geçirilýänligi habar berlipdi. “Onuň uçran bu kynçylyklaryna Londonyň golaýynda emläk satyn alamagynyň sebäp bolanlygy çak edilýär” diýlip, “WikiLeaks”-iň maglumatlarynda aýdyldy.

Farid Tuhbatullin Berdimuhamedowyň giýewsiniň ýolbaşçylygyndaky ofisiň ýapylmagyna prezidentiň ýakyn garyndaşynyň adynyň “WikiLeaks”-de agzalmagynyň sebäp bolup biljekligini hem aradan aýyrmaýar, emma munuň hakykatdanam şeýledigini ýa-da däldigini tassyklamakdan saklanýar.

Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy çalşyrylman, eýsem wekilhananyň düýbünden ýapylmagy bu ýerde esasy sebäp Döwlet Atabaýewiň işi ýa şahsyýeti bilen baglanyşykly däldir diýen pikiri döredýändigini aýdýar.

Çak edilýän beýleki sebäpler

Moskwadaky strategik barlaglar institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod agentliginiň daşary ýurtdaky ofisiniň ozalbaşda hut Londonda açylmagynyň sebäbini Britaniýanyň “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň audit barlaglary bilen baglanyşdyrýar.

“Iki-üç ýyl ozal G.Berdimuhamedow daşary ýurt inwestorlary tarapyndan Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklary babatda bildirilýän şübheleriň soňuna çykmak üçin “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasyny saýlap alypdy. Türkmen metbugaty ony dünýäniň iň iri audit kompaniýasy hökmünde tanadan hem bolsa, hakykatda bu kompaniýa dünýäde audit däl-de, konsalting, ýagny maslahat beriji hyzmatlary bilen tanalýan kompaniýa” diýip, A.Gurdow belledi.

“Gaffney Cline & Associates” Türkmenistanyň “Günorta Ýolöten - Osman” ýatagynyň gaz baýlyklaryny 14 trillion kubometr möçberde kesgitläp, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda diýip, yglan eden kompaniýa.

A.Gurdow Türkmenistanyň ägirt uly gaz baýlyklaryny “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasyna tassyklatmak işine pezidentiň ýanyndaky döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň öz goşandyny goşandygyny çak edýär. Ol Aşgabat üçin amatly audit netijeleri ençeme gezek yglan edilensoň, indi Aşgabadyň Londondaky wekilhanasyny saklamak zerurlygynyň ýoklugyny belleýär

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak baradaky Döwlet agentliginiň özünden agentligiň Londondaky wekilhanasynyň açylmagynyň we ýapylmagynyň sebäplerine we onuň alyp baran işlerine degişli maglumatlary alyp bolmady. Agentligiň resmileri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde özlerinde bu barada maglumatyň ýokdugyny we kommentariýa bermeýändiklerini aýtdylar.

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentligi 2007-nji ýylyň 10-njy martynda president G.Berdimuhamedowyň gol çeken permany esasynda döredilipdi. Onuň öňünde inwestision tekliplere garamak, uglewodorod resurslary bilen bagly işlere lisenziýa bermek, gepleşikler geçirmek, daşary ýurt guramlary bilen gazgeçirijileriň gurluşygyna we ulanylmagyna degişli ylalaşyklary baglaşmak maksatlary goýuldy.
XS
SM
MD
LG