Sepleriň elýeterliligi

Her ýylda bolşy ýaly, ine, täze ýyl ýene gapylary kakyp dur. Türkmenler hem indi Täze ýyly her hili nazy-nygmatlar, şirin kökeler, tortlar bilen saçak bezäp garşy almaga endik etdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda söwda-satyk etmek üçin dükanjyklar açmaga rugsat berlen türkmenler öz dükanlarynda satmak üçin öý tortlaryny hem bişirip ugradylar. Başarylmaýan şahsy bizneslerde mydama göz boýamalar bolýar. Tortlara goşmak üçin söwda dükanjyklarynyň tekjelerinde könelip, alynman ýatan margarinler, mesgeler, zefirler ulanylýardy hem-de beýle ýagdaýda ýasalan tortlar ony satyn alýanlaryň täze ýyl agşamlaryny harama çykarýardy. Adamlar has ýiti görnüşde zäherlenmeseler-de, içgeçmä, içagyra, gaýtarma keseline sataşyp, keselhanalara-da düşýärdiler.

Ýöne soňky döwürlerde iýmitden içagyra sataşyp, keselhana düşýänler sebäpli jerime tölemeli bolýan iýmit öndürijiler ätiýaçlylygy elden bermezligi öwrendiler. Olar indi iýmitleriň hem-de tortlaryň adam zäherlär ýaly derejede zaýalanmazlygy üçin elde baryny edýärler.

Adam zäherlemese-de, dükanlardyr öýlerde ýasalyp satylýan tortlaryň gurbany bolaýsaň. Ony iýseňem iýýäň welin, ýüregiň «aşgazandakyny siňip ýetişmänkä daşyna çykaryp bolaýsa» diýip, elenip durýar. Tagam-datsyz, suwa salnyp çykarylan ýaly myžžyk tortlar birden ajy kakýar, birden turşy.

Soňky döwürlerde ýürege laýyk tort tapyp bolanok. Bişirip bilenoklarmy ýa-da arzan önümlere kowalaşýarlar, ony bilmedik, täze ýyl saçagyny bezemeli wagt ýetiberende: «Gowy torty nireden tapyp bolarka?» diýip, elewräp ýören adamlara duşup bolýar.

Käbir çörek bişiriji dükanlarda tortuň çöregini gara ýanyk bişirip, daşyny kremdir zefir bilen owadanlap goýýarlar, käbir tort bişirijiler bolsa çişirilen hamyryň üstünde gül ýasap satýar.

Paýtagtyň «Gülüstan» söwda nokadynyň (Rus bazarynyň) dükanlarynda owadanja kagyz gutulara salnan, gelşiklije tortlary höwes bilen alasyň gelýär. Emma olar hernäçe owadanlanan bolsa-da, iýer ýaly däl. Käsinde süýji asla ýok, käsi bolsa diňe şekerden ýasalan ýaly.

Süýji zatlary hem-de dürli iýmitleri bişirmekde Aşgabat şäherinde ady halkyň arasynda belli bolan “Ýimpaş” söwda nokady öz tortlarynyň gymmatlygy bilen tapawutlanýar. “Ýimpaş” söwda nokadynyň tortuna bolsa beren köp puluňa gynanýarsyň.

Saçakda gowy tort bolmasa, täze ýyldaky keýpiň elli prosenti gaçýar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG